Çaý, esasan hem, gyş aýlarynda Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň köpüsi üçin esasy içgi bolup durýar. Çaýyň her bir görnüşi özboluşly tagamy we onuň ösýän şertlerine we ýapraklary gaýtadan işlemegiň usulyna bagly peýdaly häsiýetlere eýedir. Geçirilen barlaglar, gara we gök çaýda adam bedenini goraýan maddalaryň bardygyny, hususan-da onuň deri, aşgazan, öýken üçin peýdalydygy anyklandy.
2019-njy ýylda alymlar çaýy bedeni düwnük keselinden goraýan önümleriň sanawyna girizmegi teklip etdiler. Şweýsariýaly lukmanlaryň hasabatyna görä, şekersiz gara çaýy ýygy-ýygydan içmek, 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny azaltmaga kömek edýär.
Çaýyň dogry saýlanan görnüşi nerw ulgamyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Gara we gök çaýyň käbir görnüşlerinde gan basyşyny peseldýän we immunitetini güýçlendirýän P witaminiň köp mukdary bar. Çaýa bal ýa-da beýleki miweler goşulyp, gyş aýlarynda dürli möwsümleýin kesellere garşy göreşde hem ulanylýandygy hemmelere mälimdir.
Aziýa ýurtlarynda adatça, nahar iýlen ýany bilen köplenç gök çaý saýlanyp alynýar. Lukmanlaryň pikiriçe, bu içgi iýmit siňdirişini gowulandyrýar, adam bedenindäki zäherli maddalaryň çykmagyna kömek edýär we deriniň garramagyny haýalladýar.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.