Bagtyýar halkymyz tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde uly ruhubelentlik bilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny toýlady. Çärýek asyrdan gowrak wagtdan bäri hemişelik Bitarap ýurt hökmünde dünýäde ykrar edilen eziz Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy uludan tutuldy. Dünýäniň ähli ýurtlarynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini açyp görkezýän çäreler, maslahatlar, ylmy-amaly maslahatlar we dürli sport bäsleşikleri geçirildi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen türkmen halkynyň esasy döwlet baýramçylyklarynyň naýbaşylarynyň biri bolan Bitaraplyk güni halkara derejesinde bellenilip başlandy.
2020-nji ýylda bu baýramçylygyň ähmiýeti has-da artyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ähli ýurtlary, halklary, milletleri jebisleşdiren hem-de dünýäde parahatçylygy, ählumumy we durnukly ösüşi üpjün etmekde örän wajypdygyny aýan eden şanly wakalar bilen baýlaşdy. Golaýda baky Bitaraplygymyzyň ýubileý senesiniň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama kabul edilen bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň özi hem eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygyny hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly Halkara maslahaty bilen jemlendi. Maslahatda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, türkmen Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk döwri onuň hukuk ýagdaýynyň diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä möçberde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Halkara maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly öz ýüzlenmelerini beýan eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýmin, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow, ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule ýurdumyzyň alyp barýan oňyn syýasatyna hem-de halkara meselelerini parahatçylyk we gepleşikler arkaly çözmek boýunça garaýyşlaryna ýokary baha bermegi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginde uly ykrarnama eýedigini ýene-de bir gezek açyp görkezýär.
Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen halkara sergi hem dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hemişe hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny mälim etdi. Muňa 12 günlük serginiň dowamynda ABŞ-nyň 62 million dollaryna, 1,5 milliondan gowrak ýewro hem-de 2,5 million manatlyga barabar halkara resminamalarynyň we şertnamalarynyň jemi 130-dan gowragyna gol çekilmegi hem aýdyň görkezýär. Sergide halkara guramalary bilen 50-ä golaý resminama gol çekildi. Şolaryň köpüsi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň arasynda baglaşyldy. Gazanylan ylalaşyklar boýunça taslamalaryň bahasy ABŞ-nyň 82 million dollaryndan gowrak boldy. Şondan 70,5 million dollary türkmen tarapyndan gönükdirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň harytlaryny eksporta ibermek boýunça ABŞ-nyň 72,79 million dollaryna barabar bolan şertnamalaryň 40-sy baglaşyldy.
Baky Bitaraplyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz özüniň ösüşiniň täze belentliklerine tarap ynamly ädim ädýär.
Eziz ARTYKLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.