Kitap bu syrly dünýe. Ol adamlary bilimleriň çuň dünýäsine aralaşdyrýan serişdedir. Şonuň üçin kitap hem-de kitap okamaklyk türkmen halkynyň milli ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär. Hormatly Prezidentimiziň eserleri halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw bilen garşylanýar.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat etdi. Milli Liderimiziň şa serpaýy diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary döwletlerde hem giň meşhurlyga eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilen bu kitaby dünýä ýurtlarynyň halklarynda hem uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, baý taryhyny hem-de medeniýetini açyp görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý, ýapon, ukrain, rus, gruzin, azerbaýjan dillerine terjime edilmegi bu ýurtlardaky raýatlaryň hem biziň ýurdumyz barada gyzykly maglumatlar edinmegine giň mümkinçilikler döredýär.
Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy orun eýeleýändigini görmek bolýar. Şeýle hem kitabyň bölümleri, many-mazmuny, içinde ýerleşdirilen tymsallar, rowaýatlar giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen halkara serginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän hem-de birnäçe dillerde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary milli baýramçylygymyzyň şanyny has-da belende galdyrdy.
Milli Liderimiziň eseriniň hytaý, ýapon, ukrain, rus, gruzin, azerbaýjan dillerine terjime edilmegi, dünýä halklarynyň türkmeniň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de maddy däl baý mirasyna gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Okyjylaryň türkmen halkynyň medeniýeti, onuň ruhy dünýäsi, filosofiýasy, özboluşly aýratynlygy, ahlak gymmatlyklary barada düşünjesiniň giňelmegine ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Bu bolsa türkmen döwleti bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we ösdürilmegine hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan türkmen halkynyň beýik medeni mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde bu kitabyň ähmiýeti has uludyr. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseri dünýäniň ähli halklarynyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň ýene-de bir köprüsine öwrüldi. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu kitap medeniýeti öwrenijiler we bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýanlar üçin aýratyn gymmatlyga eýe bolup, olar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Mahlasy, milli Liderimiziň her bir kitaby okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma hem-de gymmatly çeşme bolup durýar. Bu ýaş nesilleri döwrebap hem-de ýokary bilimli edip ýetişdirmek ugrunda işleýän mugallymlar üçin has uly ähmiýete eýedir. Ýaşlara döwrebap bilim bermek ugrunda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, yhlasly zähmet çekýän her bir mugallym öz okadýan derslerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny özüne esasy gollanma hökmünde ulanýar. Milli Liderimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmekde esasy baý çeşme bolup durýandygyny bellemek buýsançlydyr. Hormatly Arkadagymyzyň ýazýan her bir ajaýyp eserlerinden mysallar getirip, ýaşlary Watançylyk duýgusynda ösdürip ýetişdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär.
Kitabyň adamyň döreden täsin gudratydygyny, ynsanyň özünden soňky nesillerine goýjak bahasyna ýetip bolmajak mirasydygyny nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhabbet Döwletowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.