Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) hünärmenleri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň atmosferadaky kömürturşy gazynyň mukdarynyň belli bir derejede azalmagyna täsir etjekdigini mälim etdi. Ýöne bu ýagdaýyň kömürturşy gazynyň howada toplanmagyny azaltsa-da, howanyň gyzmagynyň öňüni almakda onçakly uly täsiriniň bolmajakdygyny belledi.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, kömürturşy gazynyň atmosferada toplanmagy juda haýal depginde artmagyny dowam etdirýär. WMO-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli senagat zawodlarynyň ýapylmagy hem howanyň ýylylygyny artdyrýan zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmakda onçakly täsirini ýetirmedi. 2019-njy ýylda atmosferadaky kömürturşy gazynyň derejesi haýal derejede artyp, 2020-nji ýylda hem dowam etdirdi. 1990-njy ýyldan bäri uzak saklanyp bilýän gazlar sebäpli Ýerdäki zyýanly gazlarynyň täsiri 45 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, bu ösüşiň 80 göterimi CO2 toplanmasy bilen baglanyşykly.
Kömürturşy gazy atmosferada asyrlarboýy, hatda ummanlarda-da has uzak wagtlap saklanyp galýar. WMO-nyň Baş sekretary Petteri Taalas iň soňky gezek 3-5 million ýyl mundan ozal 2-3 gradus yssy bolanda we deňiz derejesi häzirkisinden 10-20 metr beýik bolanda Ýer togalagynyň CO2 toplanmasyny başdan geçirendigini belledi. Ýogsam şol döwürde Ýer togalagynyň ilaty häzirkisi ýaly 7,7 milliarda ýetmeýärdi. Guramanyň başlygy uglerod dioksidiniň toplanmasynyň 2015-nji ýylda belli bir çäginden geçip ugrandygyny ýatlatdy. Dört ýyldan soň bolsa bu toplanmanyň artandygyny tassyklady. Ol gözegçilik edilen döwürde beýle ösüş depgininiň hiç wagt görülmändigini belledi. Petteri Taalasyň pikiriçe, dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerini aradan aýyrmakda onçakly täsiri ýok. Şeýle-de bolsa zyňyndylary nola çenli azaltmak maksady bilen senagat, energiýa we ulag ulgamlaryny düýpgöter özgertmek ugrundaky durnukly işler özüniň oňat netijelerini berer.