1992-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na saý­la­nan ýur­du­myz bu gu­ra­ma bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny stra­te­­gik de­re­je­de do­wam et­dir­ýär. BMG bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mek Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň esa­sy dü­züm­le­ri ýur­du­my­zyň mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­dyr. Bu hyz­mat­daş­lyk adam­za­dyň ösü­şi­ni we öňe gi­diş­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni we mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, adam­la­ryň dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de açyl­ma­gy­na, ola­ryň esa­sy hu­kuk­la­ry­nyň we er­kin­lik­le­ri­niň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Az wag­tyň için­de BMG-niň Baş As­sam­ble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­lu­mu­my hem-de hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­na, ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň or­nu­na de­giş­li köp san­ly mö­hüm Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, döw­le­ti­mi­ziň bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Hä­zir Türk­me­nis­tan BMG-niň dü­züm­le­ri­niň 11-si­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi, BMG-niň He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy­nyň, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň He­mi­şe­lik we­ki­li­niň eda­ra­la­ry, şeý­le hem BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň, BMG-niň Ilat gaz­na­sy­nyň, BMG-niň Ne­şe­ler we je­na­ýat­çy­lyk ba­ra­da­ky mü­dir­li­gi­niň, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň, Hal­ka­ra mig­ra­si­ýa gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­ha­na­la­ry ýer­leş­ýär.
«Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da 2021-2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny» ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de, dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek mak­sa­dy bi­len, BMG-niň agent­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­gam, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, luk­man­çy­lyk, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ugur­la­ryn­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­lip, tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da BMG-niň ýe­ne-de bir dü­zü­mi­niň we­kil­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ol hem BMG-niň Tas­la­ma­la­ra hyz­mat et­mek ba­ra­da­ky mü­dir­li­gi­dir (UNOPS).
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Tas­la­ma­la­ra hyz­mat et­mek ba­ra­da­ky mü­dir­li­gi hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry, hö­kü­met­ler we dün­ýä­niň beý­le­ki hyz­mat­daş­la­ry üçin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esa­sy dü­züm­le­ri­niň bi­ri­dir. Gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Da­ni­ýa­nyň Ko­pen­ga­gen şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.
UNOPS dün­ýä­niň 80-den gow­rak ýur­dun­da iş alyp ba­ryp, şol ýurt­lar­da pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, ynsanperwer we ösüş ugur­la­ryn­da köp mil­liard­lyk tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. UNOPS Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş to­pa­ry­nyň ag­za­sy bo­lup, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy (UNDP), Pa­ra­hat­çy­ly­gy go­ra­ýyş ope­ra­si­ýa­la­ry bö­lü­mi (DPKO) we Bü­tin­dün­ýä ban­ky bi­len has ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
UNOPS 1973-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de dö­re­dil­di. 1995-nji ýyl­da bu gu­ra­ma ga­raş­syz bö­lüm bo­lup, öz­baş­dak ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär. UNOPS-yň mak­sa­dy dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de ösüş, yn­san­per­wer­lik he­re­ket­le­ri we pa­ra­hat­çy­ly­kly şert­ler­de dur­nuk­ly ösü­şi­ni ama­la aşyr­mak ýa­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. UNOPS inf­rast­ruk­tu­ra, sa­tyn al­ma­lar, tas­la­ma­ny do­lan­dyr­mak, adam se­riş­de­le­ri we ma­li­ýe do­lan­dy­ryş hyz­mat­la­ry ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri ýo­la goý­ýar. Gu­ra­ma 3000 ki­lo­metr­den gow­rak ýo­luň, 50 mek­de­biň, 74 has­sa­ha­na­nyň we 278 sag­lyk öýü­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry­na gol­daw ber­di. UNOPS hyz­mat­daş­la­ry­na 900 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak ha­ryt sa­tyn al­ma­gy­na ýa­kyn­dan ýar­dam et­di.
Umu­man, hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ösü­şe eýe bol­dy we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň bar bo­lan uly tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, ýyl­sa­ýyn tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li ugur­lar bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýär. Mu­nuň bir my­sa­ly­ny BMG-niň ýe­ne-de bir dü­zü­mi­niň ýur­du­myz­da we­kil­ha­na aç­mak ba­ra­da­ky oňyn tek­li­bin­den hem gör­mek bol­ýar. Bu bolsa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň umu­ma­dam­zat hem-de pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň has-da ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Gur­ban­my­rat DÖW­LE­TOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.