Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Özü­niň te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­myz or­ta we in­çe sü­ýüm­li go­wa­ça­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin amat­ly kün­jek bo­lup dur­ýar. Tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan önüm­çi­li­giň hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de gu­ral­ma­gy bi­len, aras­sa pag­ta sü­ýü­mi iň gym­mat­ly we bäh­bit­li eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de pag­ta sü­ýü­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ep-es­li ýokar­lan­dy­ryl­dy.
Dokma toplumlarymyzda ön­dü­ril­ýän tri­ko­taž önüm­le­ri häzirki wagtda ýur­du­my­zda we da­şa­ry ýurtlarda uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Dok­ma top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ry spor­tuň we gün­de­lik ge­ýil­ýän eşik­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li çy­kar­ýar­lar, dür­li na­gyş­lar, keş­de­ler ýa-da meş­hur mar­ka­la­ryň ny­şan­la­ry bo­lan ma­ta­dan ti­ki­len agyz-bu­run ör­tük­le­ri hem köp­çü­lik ta­ra­pyn­dan uly meş­hur­ly­ga eýe­dir.
Umu­man, bu pu­dak­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly de­re­je­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, anyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dok­ma top­lum­la­ry­nyň çig mal üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da 2021-nji ýyl­da gaý­ta­dan iş­le­mek üçin 145 557,5 ton­na pag­ta sü­ýü­mi­ni, 8500 ton­na ýü­pek pag­ta sü­ýü­mi­ni, 200 ton­na gys­ga sü­ýü­mi hem-de 200 ton­na pag­ta üb­tü­gi­ni sa­tyn al­ma­k me­ýil­leş­di­ril­di. Bu gym­mat­ly çig mal­lar ýur­du­my­zyň Oba ho­ja­lyk we daşk­ly gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan üp­jün edi­ler.
Ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, dok­ma se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gaý­ta­dan iş­le­ýän ul­ga­my­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren ak pag­ta­la­ry dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Onuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­ly önüm­ler bi­len bäs­le­şip bil­jek ha­ryt­lar eme­le gel­ýär. Dok­ma pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­nyň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy do­wam ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wa­ty 3650 ton­na nah ýüp­lü­ge ba­ra­bar bo­lan dok­ma top­lu­my­nyň hem-de Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wa­ty 3300 ton­na in­çe sü­ýüm­li ýüp­lü­ge ba­ra­bar bo­lan dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­jek bu iri dok­ma kär­ha­na­la­ry tä­ze iş orun­la­ry­nyň 2450-si­niň dö­re­dil­me­gi­ne hem oňyn müm­kin­çi­lik be­rer.
Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa dok­ma önüm­le­ri­ni ýer­le­mek ba­bat­da hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň üçin hä­zir­ki wagt­da elekt­ron bin­ýa­dy dö­ret­mek iş­le­ri do­wam edip, onuň sa­hy­pa­la­ryn­da dok­ma ny­şan­la­ry, mar­ke­ting hyz­mat­la­ry ba­ra­da de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ýer­leş­dir­mek, şol san­da çy­ka­ryl­ýan dür­li dok­ma önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak üçin elekt­ron gör­nüş­dä­ki sar­gyt­la­ry res­mi­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tas­la­ma­ny Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Al­tyn asyr» ha­ryt­şy­nas­lyk mer­ke­zi­niň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bi­rin­ji tap­gyr­da sar­gyt edi­len dok­ma önüm­le­ri­niň ýur­du­myz bo­ýun­ça el­til­me­gi­ni, gel­jek­de bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­me­gi­ni gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de ön­dü­ril­ýän tä­ze önüm­ler­de 2021-nji ýy­lyň ny­şa­ny we şy­ga­ry ýer­leş­di­ri­lip baş­lan­dy we müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­ýär. Mah­la­sy, ýur­du­my­zyň iri se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma pu­da­gyn­da eks­port ugur­ly köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da türk­men dok­ma önüm­le­ri­niň hy­ry­dar­la­ry yzy­gi­der­li kö­pel­ýär. Bu­la­ryň ba­ry hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­le­ri­dir.

Ba­har­gül HAN­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-
gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň
mu­gal­ly­my.