1900-nji ýylda Fransiýada tapylan Mis eýýamyna degişli ýasy daşyň kartadygy anyklandy. Ýewropada taýýarlanan iň gadymy kartadygy anyklanan daşa «Saint-Bélec Slab» diýlip at berildi. Daşyň ýüzüne dört müň ýyl ozal çyzylandygy çaklanylýan bellikleriň ýurduň günbataryndaky Odet derýasyny we onuň töweregini alamatlandyrýandygy anyklandy. Bilermenler ini 1,5 metr, uzynlygy 1,8 metr uzynlygyndaky kartanyň üç ölçegli, ýagny beýikli-pesli bolmagynyň ýörite edilendigini belleýärler. Kartada Odet derýasynyň jülgesi tekiz edilip görkezilipdir. Bilermenler bu daşyň hakykatdan hem taryhdan ozalky döwürlerdäki kartografik häsiýetleri özünde jemleýändigine ünsi çekýärler. Gadymy karta dürli döwürde dürli ýerlere göçürilipdir. 1900-nji ýylda tapylan daş 1924-nji ýylda Milli gadymy eserler muzeýine göçürilipdir. Emma 2017-nji ýyla çenli Fransuz milli öňüni alyş arheologik barlag institutynyň, Beýik Britaniýanyň Bornmut uniwersitetiniň we Günbatar Brittani uniwersitetiniň hünärmenleri bu daşy öwrenmek kararyna geldiler.
Geçirilen barlagyň netijesinde ýokary durulykdaky 3D skanneriň we fotogrametrik seljermeleriň netijesinde uzynlygy 30 kilometre barabar bolan Odet derýasynyň töweregindäki meýdan bilen daşyň 80 göterim gabat gelýändigi anyklandy. Bornmut uniwersitetiniň hünärmeni, doktor Klement Nikolas bütin dünýäde daşa oýulyp taýýarlanan birnäçe kartanyň bardygyny, olaryň diňe teswirden ybaratdygyny, emma bu kartada belli çägiň masştab bilen görkezilendigini belleýär.
Ýazjemal Hojaniýazowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.