Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde Watanymyzyň paýtagty täze binagärlik gurluşyklary, sazlaşykly ösüşi bilen dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýär. Şäheriň häzirkizaman oňaýly durmuş gurşawyna, onuň durnukly ösmegi üçin şertleri döretmekde gurluşyk düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, bu ulgamda ylmyň, tilsimatlaryň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen günsaýyn gül açýan, gözelleşýän eziz Diýarymyzda abadançylygyň, bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamak, amala aşyrylýan beýik işlere guwanmak, döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyna buýsanmak biziň her birimiziň bagt nesibämizdir. Bagtyýar döwrüň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem biziň her birimize baglydyr. Ak mermere bürelen Aşgabadyň çäginiň giňemegi, ilatynyň artmagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň öňünde wajyp wezipeleri goýýar. Şolaryň iň esasysy hem ýangyn döremek howpunyň öňüni alyş çäreleridir. Ýangyn döremek howpunyň öňüni alyş çäreleriniň iň esasylarynyň biri-de ilat arasynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, ýangyna garşy göreşmegiň kadalary boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmekden ybaratdyr. Ilat arasynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini, ýangyna garşy çäreleri wagyz-nesihat etmek meseleleri «Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplarynda anyk görkezilendir.
Söwda kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär adamlar ýangyn ýüze çykanda adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen ähli çäreleri öz wagtynda amala aşyrmalydyrlar. Söwda kärhanalarynyň halas ediş ýollarynda tiz wagtyň içinde halas ediş işlerini geçirmeklige päsgelçilik beriji goşlaryň goýulmagy talabalaýyk däldir.
Söwda kärhanalarynda önümçilikde, bölümlerde, gurluşlarda, ammarlarda, şonuň ýaly-da beýleki desgalarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri guramaga, ähli işgärleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmeklerini üpjün etmäge, ýangyn-tehniki işçi, meýletin ýangyn topar agzalaryny döretmeklige, olaryň netijeli işlemeklerini ýola goýmaklyga, ýangyn howpsuzlygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlap, durmuşa ornaşdyrmaklygy üpjün etmäge, ýangyna garşy çäreleri ýerine ýetirmäge, ýangyn söndüriş serişdeleri almak üçin hökmany maliýe serişdelerini goýbermekligi göz öňünde tutmaga söwda kärhanalarynyň ýolbaşçylary borçludyrlar.
Şeýle-de her bir işgär ýangyn howpsuzlygynyň kesgitlenen düzgünleridir gözükdirmelerini anyk bilmelidir hem-de berjaý etmelidir. Hemişe öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriş enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmelidir. Söwda kärhanalarynyň her bir işgäri, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygy, ýangyn söndüriş enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygy ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgün bozana haýal etmän duýdurmaga borçludyr.
Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny wagyz edýän suratlar, ýatlama gollanmalary görnükli edilip ýerleşdirilmelidir. Iş ýerinde işçileri gözükdirme bilen tanyşdyrmak, ýangyn howpsuzlygy boýunça işçileriň beýleki gözükdirme bilimlerini barlamak bilen utgaşdyrylmalydyr. Gözükdirme bilen tanyşdyrylyşy geçirip, işçileri ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça okatmak üçin görkezme esbaplaryndan, kinofilmlerden, slaýd-filmlerden peýdalanmak örän ýerlikli bolar, şeýle-de ilkinji ýangyn söndüriş serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny görkezmek hem düşünjeleri giňeltmäge uly ýardam eder.
Söwda kärhanalarynyň ýerzemin jaýlarynda partlaýan jisimleri, gazly ballonlary, ýanýan suwuklyklary, nitro esasly laklary, nitro emallary, durmuş himiýasynyň harytlaryny, aerozol gaply harytlary, şeýle-de olardan edilen önümlerdir ýokary ýangyn howply harytlary saklamak gadagan edilýär.
Söwda kärhanalarynda, ownuk söwda nokatlarynda, jemgyýetçilik iýmiti önümleri öndürilende suwuklandyrylan gaz ballony bilen işleýän enjamlary ulanmak, önümçilik jaýlaryndan, nahar iýilýän otaglardan, iýmit önümleri ammarlaryndan elektrik geçirijileri üstaşyr görnüşinde geçirmek gadagan edilýär.
Söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda wagtlaýyn görnüşde elektrik geçirijileri gurnamak hem-de ulanmak gadagan edilýär. Haryt saklanýan kömekçi jaýlarynda, ammarlarynda, kitap, senagat önümleri dükanlarynda elektrik çyralary gorag aýna örtügi bilen üpjün etmeli.
Halas ediş çykalgalaryň sany kadalaşdyryjy düzgünnama esasynda kesgitlenýär, ýöne iki çykalgadan az bolmaly däldir.
Ỳangyn hadysasy ýüze çykan halatynda telefon arkaly 01 belgä, öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgä habar bermeli.
Hormatly ildeşler! Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny öz wagtynda doly we dogry ýerine ýetirmegiňiz, ilkinji nobatda, siziň jan saglygyňyzyň, emläkleriňiziň ýangyn howpundan goralmagynyň esasy girewidigini unutmaň!
Mergen Mergenow,
Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň
müdiriniň orunbasary, içerki
gullugyň maýory.