«Gülki iň gowy derman» sözüni hemmämiz eşiden bolsak gerek. Gowy degişmäniň we çyn ýürekden gülmegiň saglygymyz üçin peýdalydygy bellenilýär. Şonuň üçin her ýyl 14-nji aprelde gülki pursatlarynyň Bütindünýä güni hem bellenilip geçilýär. Bu senäniň asyl maksady adamlaryň gülki bilen dürli stressden saplanmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, gülkiniň adamyň saglygyna we abadançylygyna edýän täsirini öwrenýän tutuş bir ylym bar. Oňa geotologiýa diýilýär. Görnüşi ýaly, gülki bagt gormonynyň – endorfiniň öndürilmegine kömek edýär, bu diňe bir adamyň keýpini götermän, eýsem, agyryny hem köşeşdirýär. Maglumatlara görä, çagalar günde 300-400 gezek, ulular bolsa günde 15-20 gezek gülýärler. Şol bir wagtyň özünde zenanlar erkeklere garanyňda köp gülýärler, sebäbi ýylgyryş olaryň tebigatyna mahsusdyr. Gülki öýkenleri türgenleşdirýär. Gülki wagtynda dem alyş işjeňleşýär, bedendäki gan aýlanyşygy kadalaşýar, beýnä has köp kislorod barýar. Bu siziň has gowy pikirlenmegiňize ýardam edýär.
Gülmek baradaky ylmy-barlaglar XX asyryň başlarynda başlandy. 1964-nji ýylda bolsa gülki bejergisi bilen üstünlikli bejerginiň ilkinji ýagdaýy hasaba alyndy.
Wepa NIÝAZLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.