Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ahal­te­ke aty
Müň­ýyl­lyk­lar­dan bä­ri Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len at to­hu­my­dyr. Ahal­te­ke aty köp to­hum­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge tä­sir eden to­hum­la­ryň iň ga­dy­my­sy­dyr. «Çö­lüň ha­ky­ky at­la­ry» ha­sap­lan­ýan bu at­lar suw­suz­ly­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. In­çe­den uzyn aýak­la­ry, nä­zik­den çe­ýe be­de­ni, Gün nu­ru­na ýal­kym saç­ýan gyz­gylt-me­le reň­ki ga­myş­gu­lak türk­men be­de­wi­niň özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Akyl­ly­ly­gy, duý­gur­ly­gy, en­dik­dir hä­si­ýe­ti bi­len eýe­si­niň söý­gü­si­ni ga­zan­ýan­dy­gy, eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy bu at­la­ryň şöh­ra­ty­ny ar­şa ýe­tir­ýär. Dün­ýä­niň iň owa­dan at­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ha­sa­ba al­nan ahal­te­ke at­la­ry gö­zel­lik bäs­le­şik­le­rin­de, gör­kez­me çy­kyş­la­ry­dyr sport ýa­ryş­la­ryn­da baş baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ýar. Ahal­te­ke at­la­ry dün­ýä at­şy­nas­la­ry ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän aras­sa gan­ly to­hum aty­dyr.

Arap aty
IV-VII asyr­la­r­da Arap ýa­rym ada­sy­nyň çä­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len at­la­ryň ga­dy­my to­hu­my­dyr. Arap aty bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr. Olar 100 ki­lo­metr­den gow­rak ara­ly­ga ça­pyp bil­ýän­di­gi hem-de suw­suz­ly­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Arap aty, esa­san, at ça­py­şyk­la­ryn­da, dynç al­ýan­lar üçin ge­zer­li at hök­mün­de, şeý­le hem sport ýa­ryş­la­ryn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Arap aty­nyň beý­le­ki to­hum­lar­dan ta­pa­wu­dy kon­kaw kel­le­sin­den we uly göz­le­rin­den baş­ga-da, atyň dür­li tiz­lik­de ýo­ka­ry gö­ter­ýän «ho­raz» guý­ru­gy­dyr.

Or­low aty
Tiz­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan rus at­la­ry­nyň iň meş­hur to­hu­my­dyr. Bu to­hum XVIII asy­ryň ahy­ryn­da graf Alek­seý Or­low ta­ra­pyn­dan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Saz­la­şyk­ly hä­si­ýe­ti bi­len Or­low at­la­ry ara­ba ýa­ryş­la­ryn­da, bök­mek we gö­zel­lik ýa­ryş­la­ryn­da uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Be­de­ni­niň me­nek-me­nek öwüş­gi­ni, in­çe­den uzyn aýak­la­ry, owa­dan be­den gur­lu­şy bu to­hu­myň özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­ly­gy­dyr.

Don aty
XVIII-XIX asyr­lar­da Ru­ssi­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hä­zir­ki Ros­tow se­bi­ti­niň çä­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len at to­hu­my­dyr. Don to­hu­my­nyň esas­la­ry säh­ra gör­nü­şin­dä­ki at­lar­dan yba­rat bo­lup, uzak wagt­lap gün­do­gar seç­gi­çi­lik usul­la­ry esa­syn­da kä­mil­leş­di­ri­lip, şu wagt­ky gör­nü­şi­ne ge­ti­ril­ýär. To­hu­myň hä­zir­ki za­man we­kil­le­ri­niň reň­ki gy­zyl we go­ňur bo­lup, köp­lenç guý­ru­gy ga­ram­tyl ýa-da al­tyn­sow bol­ýar. Don at­la­ry bök­mek we triat­lon ýa­ryş­la­ry­na giň­den gat­naş­dy­ryl­yp, ge­zim üçin we ça­ga­la­ra at mün­me­gi öw­ret­mek­de hem ula­nyl­ýar.

Holş­teýn aty
Bu ne­mes at­la­ry­nyň ga­dy­my to­hum­la­ry­nyň bi­ri­dir. Il­ki­baş­da bu at ne­mes daý­han­la­ry ta­ra­pyn­dan ýe­tiş­di­ri­lip, güýç­lü­li­gi, yg­ty­bar­ly­ly­gy, şeý­le hem ba­tyr­ly­gy üçin har­by­lar ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. Soň­ra dür­li seç­gi­ler esa­syn­da go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­li, öz­bo­luş­ly he­re­ket­li, in­çe­den uzyn be­den­li holş­teýn aty­nyň tä­ze to­hu­my dö­re­dil­di. Holş­teýn güýç­li gul­luk at­la­ry­nyň we go­şun­da mü­nül­ýän at­la­ryň için­de meş­hur­lyk ga­zan­dy. Holş­teýn to­hu­myn­da dür­lü­li­giň ýok­du­gy se­bäp­li, ýaý­ran ýer­le­ri beý­le giň däl­dir. Holş­teýn at­la­ry bök­mek ýa­ryş­la­ryn­da, dür­li gör­kez­me çy­kyş­la­ryn­da uly meş­hur­lyk ga­zan­dy­lar.

Han­no­wer aty
Bü­tin dün­ýä­de Han­no­wer to­hu­my ady­nyň baş har­py bo­lan «H» gör­nü­şin­dä­ki bren­di bi­len ta­nal­ýar. Ýew­ro­pa­da iň köp ýaý­ran aras­sa gan­ly bu to­hum 1735-nji ýyl­da se­çi­lip alyn­ýar. Han­no­wer at­la­ry sport ýa­ryş­la­ry­nyň be­ze­gi bo­lup, hal­ka­ra ser­gi­ler­de, bök­mek we at es­bap­la­ry bi­len be­ze­mek, şeý­le hem şaý-sep dak­mak (ge­ýin­mek) ýa­ryş­la­ry­nyň kö­pü­sin­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ibe­ri­ýa aty
Ibe­ri­ýa at to­hu­my­nyň dö­rän ýe­ri Ýew­ro­pa­nyň uly bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän Ibe­ri­ýa ýa­rym ada­sy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ibe­ri­ýa aty­nyň iki gör­nü­şi bar: «An­da­lus» we «Lu­si­ta­no». Do­ga­bit­di owa­dan­ly­gy, sy­rat­ly­ly­gy, çe­ýe­li­gi se­bäp­li, bu at­lar köp­lenç dür­li çy­kyş­lar­da, sirk­de, gö­zel­lik bäs­le­şik­le­rin­de, kon­kur ýa­ryş­la­ryn­da ula­nyl­ýar.

Şaýr aty (iň­lis ýük çe­ki­ji­si)
Bu to­hu­myň at­la­ry be­lent bo­ýy we ýo­ka­ry ýük çe­ki­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şaýr aty iň­lis­le­riň iň ga­dy­my to­hum at­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu at­la­ryň äpet göw­re­si bo­lup, bo­ýy or­ta­ça 178 san­ti­met­re, ag­ra­my 1100 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Aýak­la­ryn­da­ky «ak pür­çük­le­ri», uzyn ýa­ly we guý­ru­gy, owa­dan ýö­reý­şi şaýr at­la­ry­nyň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Şaýr Ang­li­ýa­da köp duş gel­ýän at to­hu­my­dyr.

Fýord aty
Nor­weg­ler ta­ra­pyn­dan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len fýord at­la­ry dün­ýä­dä­ki iň ga­dy­my we iň aras­sa at to­hum­la­ry­nyň bi­ri­dir. To­hu­myň ge­lip çy­ky­şy­nyň Azi­ýa­nyň ga­dy­my ýa­ba­ny at­la­ry, Prze­wals­ki­niň at­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Fýord aty­nyň bo­ýy 150 sm tö­we­re­gi bo­lup, asyl hä­si­ýe­ti­ni we reň­ki­ni sak­la­ýan az ga­bat gel­ýän to­hum­la­ryň bi­ri­dir. Fýord­lar çy­dam­ly­ly­gy, güýç­lü­li­gi we adam­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­da bol­mak bi­len meş­hur­lyk ga­zan­dy. Fýord at to­hu­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan bi­ri, ola­ryň tak­my­nan 90 gö­te­ri­mi­niň go­ňur reňk­de bol­ma­gy­dyr. Fýord­lar at­çy­lyk mek­dep­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýar.

Ma­ral JU­MA­NO­WA,
Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň 18-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.