Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garşy durmak, gyzlara bilim bermek, klimaty goramak boýunça täze usullary işläp düzmek 3-5-nji maý aralygynda Londonda geçirilýän G7 toparyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýüzbe-ýüz maslahatynyň esasy mowzugyny emele getirýär. Şu ýyl dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýedi ýurdunyň halkara bileleşigine Beýik Britaniýanyň hökümeti ýolbaşçylyk edýär.
Bu maslahata Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel, Awstraliýa, Hindistan, Günorta Koreýa we Günorta Afrika ýaly ýurtlaryň wekilleri we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) baş sekretary Lim Jok Hoý hem gatnaşýar.
– G7 toparynyň häzirki maslahatynyň dowamynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň umumy kynçylyklaryny çözmek maksady bilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäde sanjymlaryň deň paýlanmagyny üpjün etmek, gyzlaryň bilim almagy üçin global maksatlar kesgitlemek, klimaty goramak boýunça zerur çäreler barada ylalaşmak maslahatyň esasy özenini düzdi – diýip, daşary işler ministri Dominik Raab aýtdy.
G7 topary ösýän ýurtlarda aýal-gyzlaryň bilim almagyna goldaw bermek üçin ýakyn iki ýylda 15 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär. G7 toparyna agza ýurtlar bölünip berlen serişdeler bilen pes girdejili ýurtlarda 40 milliondan gowrak gyzyň 2026-njy ýyla çenli mekdebe gatnap biljekdigine we 20 millionyň bolsa 10 ýyla çenli okamagy öwrenjekdigine umyt edýärler. 15 milliard dollar, G7 toparyny düzýän ýurtlar tarapyndan 2018-nji ýylda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça esaslandyrylan “2X Challenge” maksatnamasynyň çäklerinde paýlanmagyna garaşylýar.