Brýussel Ýewropanyň awtoulag senagatynda çipleriň we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi sebäpli senagat syýasatyny gyssagly täzeledi. Ol içerki bazar boýunça Ýewropa komissary tarapyndan hödürlendi.
– Öňümizdäki 5 ýylda awtoulag pudagy üçin birikdirilen ýarymgeçirijiler awtoulagyň bahasynyň 35 göterimini emele getirer. Şonuň üçin bu strategik taýdan möhüm. Sebäbi üpjünçilik zynjyrlarymyz dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrady, ýöne olaryň köpüsi Hytaýdan gelýär. 20 ýyl ozal Ýewropa ýarymgeçirijilere global zerurlygyň 40%-ini, häzirki wagtda bolsa bary-ýogy 9%-ini üpjün edýär – diýip, içerki bazar boýunça Ýewropa Komissary Tierri Breton belledi.
Brýussel içerki önümçiligi ýola goýmak we agza ýurtlaryň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýarymgeçiriji bileleşigini döretmek isleýär.
Batareýalary öndürmek üçin şuňa meňzeş taslama «EU Battery Alliance» 2017-nji ýylda başlandy we 100 milliard ýewrodan gowrak maýa goýumlaryny özüne çekdi. Ýewropa Komissiýasy strategik taýdan möhüm hasaplaýan 34 önümi we 137 materialy barada jikme-jik maglumat berdi. Häzirki wagtda olaryň ýarysyndan gowragy HHR-den ÝB-ne import edilýär.
Mikroshemalar we ýarymgeçirijiler ýewropalylaryň her gün ulanýan ähli tehnologiýalarynda bar. Brýusseldäki Breýgel institutynyň ykdysatçysy Simon Talýapetra üpjünçiligiň kesilmeginiň her kimiň durmuşyna gönüden-göni täsir etjekdigini duýdurýar. Şeýle hem Brýussel täzelenen senagat syýasatynyň Ýewropa Bileleşiginiň 2050-nji ýyla çenli howa edýän täsirini bitaraplaşdyrmaga kömek etjekdigini aýdýar.