Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär, ony mundan beýläk hem ösdürmek üçin aladalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilýän, ähli amatlyklary bolan medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary şol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşran täzeçillikleriň biri-de her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligidir. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýokary derejede bellenilýär.
Balkan, Daşoguz, Mary, Lebap, Ahal welaýatlarynda, gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilip gelinýän Medeniýet hepdeliginiň myhmanlaryny kabul etmek nobaty bu ýyl Lebap welaýatyndadyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi bu ýyl hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna giňden taýýarlyk görýärler. Obadyr şäherlerimizde şanly Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar zamanamyzy, ak mermere beslenen paýtagtymyzy wasp edýän aýdym-sazlar, folklor, tans çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Mahlasy, şanly senelere bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar.
Medeniýet ulgamynyň ösdürilmeginde kino sungatynyň hem orny uludyr. Bu ugurda giň gerimli özgerişler amal aşyrylýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine bagyşlap, «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli filmleriň festiwalyny gurady. Bu şüweleňe köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagy türkmen kino sungatyny ösdürjek ýaş zehinleriň kemala gelýändigine buýsanjyňy artdyrýar.
Türkmen medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň giňden wagyz edilmegine teatr sungaty hem uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşik hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda täsirli beýan edýän milli ýörelgelerimiziň rowaýatlaryň, ertekileriň, tymsallaryň sahna arkaly tomaşaçylara ýetirilmegi medeniýetimiziň döwrebap ösüşlere beslenýändigini görkezýär.
Umuman, ýurdumyzyň ýeten derejesini, şol sanda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini, durmuşa geçirilýän we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatynyň amala aşyrylyşyny wasp etmekde, şeýle hem türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir.
Aba ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.