Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminiň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Olar üçin Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.
Gökderede çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri taýýarlyk gördüler. Dynç alyş merkezlerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin medeni-dynç alyş, döredijilik çäreleri hem-de sport ýaryşlary guralýar. Mundan başga-da, okuwçylar ýokary hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşýarlar, kompýuter programmalaryny öwrenip, daşary ýurt dillerini özleşdirýärler.
Ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, Awazada, Gökderede, ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Her ýyl olaryň işini ýokary derejede guramaga möhüm ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyny ýokary derejä ýetirmekde durmuşa geçirilýän işler, kabul edilýän maksatnamalar jemgyýetiň öňe gitmegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň häzirki ösüşini, geljegini üpjün etmek maksady bilen nesillerimiziň ylymly, bilimli bolmagy, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegine ýardam berýär we olaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.
Ýurdumyz çagalaryň saglygyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar. Ýurdumyz halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine – Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen doly üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize hem-de körpelerimize ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi.
Ajaýyp döwrüň ýaş türkmenistanlylary hem-de olaryň ene-atalary ýurdumyzda körpe nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we saglyklaryny berkitmekleri ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigine buýsanýarlar.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesdigini nygtap, çagalaryň üns-alada bilen gurşalmalydygyny wajyp wezipe hökmünde kesgitleýär. Hormatly Prezidentimize söýgüsi çäksiz bolan körpe nesiller bu günki gün milli Liderimiziň paýhasly ýörelgelerinden ruhlanyp, özleri hakynda edilýän alada üçin çäksiz alkyş aýdýarlar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda hemişe çaga gülküsi ýaňlanyp dursun!
Ogulnur ATAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.