Hormatly Prezidentimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Beýik Pyragynyň şygryýeti türkmen halkynyň ajap eýýamy hakyndaky garaýyşlarynyň, özbaşdak berkarar döwleti gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýanydyr» diýen ajaýyp sözler bar.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ynsanperwerlik taglymatlary halkymyzyň hakydasynda örän çuň orun eýeleýär. Halkymyzda «Türkmeni Magtymgulysyz göz öňüne getirip bolmaz» diýen düşünje ýörgünlidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlary ata-babalarymyzyň ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemekde, olaryň ahlak kämilligini we watansöýüjilik häsiýetlerini ösdürmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri örän ähmiýetli orun eýeleýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn üns berilýär.
Magtymguly Pyragynyň uçursyz döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirki zaman türkmen medeniýeti gönüden-göni onuň ajaýyp şahyrana dünýäsiniň esasynda kemala geldi. Şeýle uçursyz zehiniň syry nämede? Bu syr şahyryň durmuş meselelerini esasy hem-de ikinji derejeli meselelere bölmänligindedir. Beýik şahyryň döredijiligindäki watançylyk pikiri ony özünden öň ýaşap geçen beýik ussatlar hem-de onuň ýoluny dowam etdirijiler, şeýle hem özlerini onuň nesilleri diýip atlandyrýan ildeşleri bilen baglanyşdyrýar. Bu pikirler Watana bolan gyzgyn, beýik we synmaz söýgini özünde jemleýär.
Watana bolan söýginiň üsti bilen şahyr özi üçin bütin dünýäni açýar. Bu söýgi onuň aýdymynyň şirin owazydyr, durmuşynyň many-mazmunydyr. Akyldar şahyryň şygyrlary öz döwründe teşne ynsan kalbyny epgekden we gurakçylykdan halys surnugan topraga ýagan, uzak garaşdyran sahawatly ýagyş ýaly gandyrdy…
Şahyryň hut şeýle ukyby – täze, adalatly we ynsanperwer jemgyýeti döretmek, göwünlerde ýagşy umytlary we ajaýyp arzuwlary oýarmak ukyby köp sanly magtymgulyşynaslaryň ünsüni özüne çekýär. Magtymgulyşynas alymlar şahyryň sünnälenen şahyrana dilinde ýürekden ýürege barýan ynandyryjylyk bilen adamlara ýüzlenmegiň ýoluny irginsiz gözländigini görýärler. Şeýle çagyryş adamlaryň ýüreklerine öçmejek uçgun bolup ornaşýar. Bu bolsa haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşasalar-da, şahyr bilen okyjylaryň arasynda janly ruhy baglanyşyga öwrülýär. Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglydyr. Nusgawy şahyrymyzyň goşgularynda biz wagtlaýyn täsirleriň we duýgularyň beýanyny däl-de, eýsem, Watan hakyndaky dartgynly, üznüksiz oýlanmalaryň, bu ajaýyp toprakda ýaşaýan adamlaryň durmuş kynçylyklarynyň şahyryň kalbynda agyr yz galdyrýan watandaşlarynyň we döwürdeşleriniň has-da gowy durmuşda ýaşamaklary baradaky arzuw-umytlarynyň netijelerini görýäris.
Öz halkynyň erk-isleglerini beýan edýän watançy şahyryň, wagyz-nesihatçynyň we halkyny öz goşgulary bilen galkyndyrmagy we ruhlandyrmagy, dogry ýola gönükdirmegi, diňe bir geljegiň dumanly perdesini ynamly syrmagy we öňünden aýtmagy däl, eýsem, türkmen halkynyň ýalkymly gözýetimleri, taryhy döredijiliginiň, özbaşdak ösüşiň, Watanyň bagtyýar geljegini gurmagyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän seleň giňişliklerini görer ýaly etmegi başaran öňdengörüji şahsyýetiň uçursyz zehini mähir-muhabbetiň we buýsanjyň arasynda jöwher gylyç deýin taplandy.
Watan duýgusynyň inçe we ýiti beýan edilmegi şahyryň döredijiliginde hakyky taryhy mazmuna eýedir. Şahyryň Watana bolan söýgüsinde buýsanç we hasrat, ýürekden çykýan mähremlik we agyr ezýet, esgeriň eziz toprak üçin şirin janyny bermäge taýýarlygy we akyldaryň möhüm hem beýik özgertmeleri duýýandygy bir bitewülikde jemlenýär. Şahyr öz Watanyny şeýle bir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler.
Beýik akyldar häzirki türkmen döwletiniň buşlukçysydyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwri özüniň taýsyz tagallalary, gujur-gaýraty bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanyna öwürdi. Magtymgulynyň «Çoh garaşan ajap eýýamy» türkmen halkyna ýar boldy.
Dünýä şugla saçýan bu ajap ýurdy,
Milli Liderimiz – Arkadag gurdy!
Ýurdum öňe barýar, ýollary nurly,
Bu gün seniň döwrüň geldi Pyragy.
Hawa, akyldar şahyryň arzuwlan döwri geldi, ýurdumyz bu gün jennet mekana öwrüldi. Ençeme asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgeleri, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ýaşaýan ynsanlaryň ählisine ýakyndyr. Çünki, hakyky zehiniň çägi ýokdur, ol ähli adamlaryň kalplaryny mähremlik we söýgi duýgusyndan doldurmaga ukyplydyr.
Goý, halkymyzyň öňegidişliginiň, ýurdumyzyň özgerişleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Laçyn Täjiýewa,
Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet
täjirçilik bankynyň
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň
Işgärler bilen işlemek
boýunça esasy hünärmeni.