Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz gün­sa­ýyn ösüş­ler­den-ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha pug­ta­la­nyp, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra öw­rül­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gyn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len bir ha­tar­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz­de, ylym­da-bi­lim­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri dün­ýä ýaý­mak­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni ta­nyş­dyr­mak­da Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň äh­mi­ýe­ti hem ulu­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si se­na­gat­laş­ma­gyň ny­şa­ny we teh­ni­ki hem-de teh­no­lo­gi­ki ösüş­le­ri gör­kez­mek üçin açyk meý­dan­ça öw­rü­len hal­ka­ra ser­gi­dir. 1851-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu ser­gi hä­zir­ki wagt­da iň ab­raý­ly hal­ka­ra ser­gi­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le iri ser­gi­le­re gat­naş­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan esa­sy yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let ba­şy­na ge­çen­den soň­ra ýur­du­myz şeý­le iri hal­ka­ra ser­gi­le­re gat­na­şyp baş­la­dy. Her 4 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän «EKS­PO-2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gat­naş­mak­da ýur­du­myz örän uly tej­ri­be ga­zan­dy. Bi­ziň ýur­du­myz bu uly äh­mi­ýet­li fo­ru­ma en­çe­me ge­zek gat­naş­dy. Türk­me­nis­tan öz ser­gi­si­ni il­kin­ji ge­zek Şan­haý­da ge­çi­ri­len «EKS­PO-2010» kö­pu­gur­ly fo­ru­myn­da gör­kez­di.
Hä­zir­ki wagt­da «EKS­PO» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň sy­ýa­hat­çy­lyk we ma­li­ýe mer­ke­zi bo­lan Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. Ol Ýa­kyn Gün­do­gar, Af­ri­ka we Gü­nor­ta Azi­ýa se­bi­tin­de ge­çi­ril­ýän il­kin­ji iri hal­ka­ra fo­rum bo­lup dur­ýar. 4,3 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­dan­da dö­re­di­len «EKS­PO» ser­gi­si­ne Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len bir ha­tar­da 190-dan gow­rak ýurt, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we beý­le­ki iri jem­gy­ýet­çi­lik dü­züm­le­ri gat­naş­ýar­lar. 180 gün­den gow­rak wagt do­wam et­jek ser­gi­de ylym, teh­ni­ka, bi­na­gär­lik we sun­gat ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan­lar gör­ke­zil­ýär. Ser­gi­niň çä­gi «Müm­kin­çi­lik», «Yk­jam­lyk» we «Dur­nuk­ly ösüş» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ägirt uly bö­lüm­le­re bö­lün­di.
Şu ýyl özü­niň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň şeý­le aja­ýyp iri fo­ru­ma gat­naş­ma­gy, on­da-da bu ser­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gat­naş­ma­gy ýur­du­myz­da dür­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri dün­ýä ýaý­mak­da, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny ga­zan­mak­da ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li yk­dy­sa­dy ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de özü­niň eks­port ug­ru­ny has-da gi­ňeld­ýän ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­dyr. Bu ser­gi­de di­ňe bir ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­dir pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­na de­ňel­ýän türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hem öz önüm­le­ri­ni ta­nyş­dyr­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler bar.«Ak bu­lut» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şyk önüm­le­ri, «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň teh­ni­ki ha­ryt­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne we işe­wür­li­gi­ne giň­den ta­nyş­dy­ryl­ýar.
Umu­man, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar­lar. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na 2016-njy ýyl­da Du­baý şä­he­rin­de TSTB-niň söw­da we­kil­ha­na­sy­nyň, 2019-njy ýyl­da bol­sa türk­men ha­ly­la­ry­ny we ha­ly önüm­le­ri­ni, dok­ma hem-de ýa­dy­gär­lik sow­gat­lyk önüm­le­ri sat­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­ka­nyň açyl­ma­gy ýar­dam ber­ýär.
Mah­la­sy, mil­li ser­gi bö­lü­mi­miz hal­ky­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de ga­za­nan ägirt uly üs­tün­lik­le­ri­ni hem-de öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­my­zy, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, mil­li ru­hy esas­la­ry­my­zy, dep­gin­li ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny giň­den dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek­de mö­hüm meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Aba ÇA­RY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.