Mundan 28 ýyl ozal – 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň örän uly syýasy ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Milli manat ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygynyň iň bir möhüm sütünleriniň biridir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hereket edýän milli pul birliginiň ornunyň ýokarlanmagy we ähmiýetiniň yzygiderli artmagy bazar ykdysadyýetiniň esasy talaplarynyň biridir.
Pul ilatyň ýaşaýşy üçin zerur serişdedir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreleri işläp düzýär we durmuşa geçirýär.
Her ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyzda hususy eýeçiligi, telekeçiligi ösdürmek üçin ýeňillikli salgyt we karz syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň halal baýamagyna giň ýol açýar. Başgaça aýdylanda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pul umumy ykdysady syýasatda bolsy ýaly, adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşyna we durmuş goraglylygyna gönükdirilendir.
Ykdysadyýetiň ösdürilmegi we milli puldaky süýşürintgileriň köpelmegi pula bolan islegiň artmagyna getirýär. Türkmenistan öz milli manadynyň şanly 28 ýyllygyny uludan belleýär. Bu waka diňe bir Türkmenistanyň bank işgärleriniň baýramy bolman, ähli halkymyzyň baýramydyr, sebäbi manat diňe bir milli pul bolman, eýsem, biziň döwletimiziň aýrylmaz nyşanydyr. Manadyň şekili Garaşsyzlygymyzyň çuňňur manysyny özünde jemleýär. Milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, onuň satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagyny üpjün etmek bank ulgamynyň, şonuň bilen bir hatarda maliýe-ykdysady ulgamyň, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öz işlerini häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryna daýanyp, döwrebap alyp baryşlaryna, biziň her birimiziň yhlasly we tutanýerli zähmetimize baglydyr.
Ýurdumyzda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösýär. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy binýadydyr. Ykdysadyýetiň depginli ösüşinde, hil taýdan özgermeginde we dünýäniň maliýe ulgamyna goşulmagynda bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Pul-karz syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, hojalygy ýöretmegiň we ykdysadyýete netijeli täsir etmegiň amatly şertlerini emele getirýär.
Milli puluň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan has ýokary derejä çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini artdyrmak, täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we durmuşa ornaşdyrmak, hünärmenleriň we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Milli pulumyzyň durnuklylygyny we satyn alyjylyk ukybyny saklamak ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklarynyň kadaly ýola goýulmagyna bagly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Eksport edilýän önümleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak, import edilýän çig mallaryň we sarp ediş harytlarynyň öwezini ýerli önümler bilen doldurmak, importyň düzümini kämilleşdirmek babatynda düýpli işler ýola goýulýar.
Goý, halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Aknur Koçumowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.