Yzy­gi­der­li ýag­ýan ýa­gyn, öwüs­ýän şe­mal, ke­na­ra dy­nuw­syz ur­ýan tol­kun, ýag­ny te­bi­gy ha­dy­sa­lar ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ge­og­ra­fik şe­kil­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Dün­ýä­de şeý­le te­bi­gy tä­sin­lik­ler sa­nar­dan köp. Şeý­le tä­sin­lik­le­riň bi­ri hem Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Ne­wa­da şta­tyn­da­ky Flaý (do­ly ady: Fly Ranch Gey­ser) at­ly geý­zer­dir. Wul­ka­nyň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip, wag­tal-wag­tal aty­lyp dur­ýan gyz­gyn suw­ly çeş­mä geý­zer di­ýil­ýär. Flaý geý­ze­ri owa­dan reňk­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýe­ras­ty suw te­bi­gy ýag­daý­da ak­ýan hem bol­sa, bu ýer adam­la­ryň gu­ýy gaz­ma­gy ne­ti­je­sin­de peý­da bo­lup­dyr. 1916-njy ýyl­da ýer­li ýa­şaý­jy­lar suw göz­läp, bu ýe­ri bu­raw­lap­dyr­lar. Ýe­riň aşa­gyn­dan bol­sa içim­lik däl-de, gyz­gyn suw çy­kyp­dyr. Bu suw 100 de­re­jä ýa­kyn gyz­gyn eken. Gu­ýy şol wag­tyň özün­de gö­mü­len hem bol­sa, wag­tyň geç­me­gi bi­len bu ýer­den suw çy­kyp baş­lap­dyr. Dü­zü­min­de kal­siý kar­bo­nat bo­lan su­wuň ak­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu ýer­de be­ýik­li­gi 3-3,7 metr bo­lan ko­nus şe­kil­li de­pe­jik eme­le gel­ýär.
1964-nji ýyl­da ozal­ky ga­zy­lan gu­ýy­nyň go­la­ýyn­dan geo­ter­mal, ýag­ny ýe­ras­ty gyz­gyn suw­lar­dan ener­gi­ýa al­mak bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa tä­ze gu­ýy ga­zyp­dyr. Em­ma bu ýer­den çy­kan su­wuň gyz­gyn­ly­gy ener­gi­ýa ön­dü­rer­den so­wuk eken. Şeý­le­lik­de, bu gu­ýy hem ýa­pyl­ma­ly bol­ýar. Em­ma üs­ti gö­mü­len hem bol­sa, ýe­ras­ty suw ço­gup çyk­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Ne­ti­je­de, bu ýer­de ujy çü­re­lip gid­ýän bir­nä­çe de­pe­jik­ler eme­le gel­ýär. Ola­ryň bo­ýy 1,82 metr tö­we­re­gi bo­lup, ýo­kar­syn­da esa­sy üç de­pe­jik bar. Bu ýer­den çyk­ýan gyz­gyn suw 1,5 metr ýo­kar­ly­gy­na pür­kül­ýär. Su­wuň dü­zü­min­dä­ki nat­riý kar­bo­nat se­bäp­li de­pe ýyl­sa­ýyn ös­ýär. Geý­zer­den çyk­ýan su­wuň gyzgynlygy 93 de­re­je­den hem ýo­ka­ry­dyr. Ýo­ka­ryk çyk­ýan su­wuň gap­da­lyn­da köl­ja­gaz eme­le ge­lip­dir. Bu köl­ja­gaz­lar 30 gek­ta­ra go­laý ýe­ri eýe­läp, onuň çä­gin­de 30-40 tö­we­re­gi köl­ja­gaz­ bar.
Hä­zir­ki wagt­da «Fly Gey­ser» dün­ýä­niň iň owa­dan ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Geý­zer­de çyg­ly we ys­sy ýer­ler­de dö­re­ýän ter­mo­fil su­wo­tu­la­ry bar. Bu su­wo­tu­lar, esa­san, ýa­şyl we gy­zyl reňk­li köp ga­ýa­la­ryň ýal­dy­rawuk gyz­gylt reňk­de öwüs­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Su­wuň dü­zü­min­dä­ki mi­ne­ral­lar we duz­lar bol­sa ga­ýa­ny gal­ňa­dyp, bo­ýu­ny ös­dür­ýär. Şeý­le­lik­de, bu de­pä­niň şe­ki­li we reň­ki ýyl­sa­ýyn üýt­gäp dur­ýar.
Bu adat­dan da­şa­ry tä­sin­li­gi gör­mek üçin gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Bu ýe­riň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. 2016-njy ýyl­da «Bur­ning Man» at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de bu ýer «Black Rock-High Rock» gu­ra­ma­sy­na de­giş­li edil­di. Ol ýe­re di­ňe ap­rel-okt­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da her gün­de 3 sa­gat ge­ze­lenç et­mä­ge rug­sat be­ril­ýär.
Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren sy­nag­la­ryn­dan al­nan ne­ti­je­le­re gö­rä, «Fly Gey­ser»-iň gyz­gyn su­wun­dan ösen geo­ter­mal ener­gi­ýa ul­gam­la­ry ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek müm­kin.