Multfilmi halamaýan çaga ýok bolsa gerek! Hatda uly adamlar hem multfilme tomaşa edip oturan çaganyň ýanynda bir salym syn etmek üçin oturan mahaly ep-esli wagt geçenini duýman galýar. Häzirki wagtda has köp usuldan peýdalanylýan hem bolsa, multfilmleriň köpüsiniň çekilen suratlardan ybaratdygyny bilýärdiňizmi? Multfilmlerdäki kowup barýan möjek ýa-da aýagaldygyna gaçýan towşanjyk birnäçe suratyň yzly-yzyna görkezilmegi netijesinde döredilen. Eýsem, multfilmlerdäki gahrymanlaryň suratlary nähili çekilýärkä? Bir multfilm üçin näçeräk surat çekmeli bolýarka?!
Multfilmlerde hereket edýän gahrymanlaryň hereketi tapgyrma-tapgyr çekilýär. Ilki bilen filmiň ssenarisiniň, ýagny edebi esasy ýazylýar. Filmleriň, mahabatlaryň, şekilli aýdymlaryň we telewizorda görýän köp zadyňyzyň ssenarisi bolşy ýaly multfilmleriň hem ssenarisi ýazylýar. Soňra bolsa gahrymanlaryň we multfilmdäki wakalaryň geçjek ýeriniň şekili döredilýär.
Gahrymanlaryň hereket etmegi multfilm taýýarlamagyň iň kyn tapgyrlarynyň biri hasaplanýar. Her bir gahrymanyň geplemegi, ýöremegi, ylgamagy, bökmegi… üçin ortaça 12 surat çekilýär. Edilýän herekete görä onuň sany üýtgäp bilýär. Taýýar bolan şekiller kompýutere geçirilýär.
Soňra bolsa her gahrymana laýyk ses tapylýar. Ýagny pişige kim ses bermeli, syçana kimiň ses berjekdigi kesgitlenýär. Gahrymana kimiň ses berjekdigi ähmiýetlidir. Sebäbi, möjege ýogyn sesli adam ses berýän bolsa, towşanjyga inçe sesli adam ses bermeli bolýar. Ses saýlananda gahrymanyň multfilmde janlandyrýan keşbine hem laýyk bolmaly. Sebäbi multfilm gahrymanlarynyň hem adaty durmuşdaky adamlar ýaly aýratyn häsiýeti bolýar. Üns beren bolsaňyz, multfilm gutarandan soňra haýsy gahrymana kimiň ses berendigi hem ýazylýandyr. Ses bermäge gatnaşýan artist işine ökde bolup, gahrymanyň häsiýetini tomaşaça täsirli ýagdaýda ýetirmelidir.
Multfilmler telewizoryň çykan ilkinji günlerinden peýda bolup başlady. Şol sebäpli telewizor gören adamlaryň ählisi diýen ýaly multfilme hem tomaşa edendir. Multfilmdäki gahrymanlaryň şekili ilki bilen iki ölçegli, ýagny adaty kagyzyň ýüzüne çekilen suratlardan emele gelýär.
Öňki döwürlerde bu şekiller kagyzyň ýüzüne çekilýän hem bolsa, häzirki wagtda multfilm gahrymanlarynyň şekiliniň çekilmegi, reňklendirilmegi we hereket etdirilmegi köplenç kompýuterleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Şeýle hem, hakykysyna meňzeş multfilm gahrymanlaryny döretmäge mümkinçilik berýän usullar hem peýda boldy.
Ilkinji multfilmler
Multfilm döretmek babatdaky ilkinji işler 1870-nji ýyllarda ýerine ýetirilýär. Şol döwürler çarhyň ýüzüne çekilen suratlaryň çyra arkaly perdä serpikdirilmegi we yzygiderli hereket etdirilmegi bilen ilkinji animasiýalar peýda bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen kinoteatrlaryň we telewizoryň peýda bolmagy bilen multfilmler has köp tomaşaça ýetirilipdir.
Ilkinji multfilm 1906-njy ýylda Jeýms Stuart Blektonyň ýolbaşçylyk edýän «Vitagraph Co.» atly kompaniýanyň taýýarlan «Şadyýan ýüzjagazyň ýumor döwri» («Humerous Phases of Funny Faces») hasaplanýar. Şol wagtlar çykarylan beýleki multfilmlerde bolşy ýaly, bu multfilmiň başynda surat çekýän adamyň eli peýda bolýar. Soňra onuň çeken suraty «janlanyp», hereket edip başlaýar. Bu pursat multfilmiň nähili döredilýändigini has aýdyň görkezýär. Şeýle pursata «Syçanjyk Mikki» multfilminiň hem ilkinji bölümlerinde duş gelmek bolýar. Ilkibaşda multfilmler örän gysga eken. 1940-njy ýyllardan başlap, uzyn metražly multfilmler köpelip ugraýar. Multfilmi elde surat çekip taýýarlamak usuly 1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli giňden ulanylýar. Ilkinji 3 ölçegli multfilm «Pixar» kompaniýasynyň «The Adventures of André and Wally B.» (1984) atly filmidir. Şondan soňra 3D animasiýa usuly ýaýrap başlaýar.
Häzirki wagtda animasion filmleri taýýarlamak üçin kompýuterlerden has köp peýdalanylýan hem bolsa, ssenariniň ýazylmagy, gahrymanlaryň döredilmegi we ses berilmegi sungat bolmagynda galýar. Kompýuter bu sungatyň taýýarlanmagynda serişde bolup durýar.