Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. “Ahal” topary myhmançylykda “Altyn asyrdan” 2-1 üstün çykmagy başardy. “Ahal” toparyna ýeňiş getiren gollary 45-nji minutda Nurýagdy Muhammedow bilen 85-nji minutda Elman Tagaýew geçirdi. “Altyn asyryň” ýeke-täk pökgüsini 50-nji minutda Welmyrat Ballakow öz adyna ýazdyrdy. Oýnuň ahyrynda “Altyn asyrdan” Myrat Annaýew 2-nji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, 3 gezek kubogy eýelän “Ahal” 5-nji sapar finalda çykyş eder. “Ahalyň” finaldaky garşydaşy “Şagadam” topary bolar. “Şagadam” ýarym finalda Köpetdagdan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 26-njy minutda Resul Mahmydow derwezä girizdi. Oýunda her toparyň bir futbolçysy ikinji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. 49-njy minutda “Şagadamdan” Farhat Italmazow, 82-nji minutda “Köpetdagdan” Yhlas Saparmämmedow 2-nji duýduryşdan soň gyzyl kart aldy. Kubogy diňe bir gezek eýelän “Şagadam” hem edil “Ahal” ýaly 5-nji sapar finalda çykyş eder. “Ahal” bilen “Şagadamyň” arasyndaky final duşuşygy 22-nji dekabrda oýnalar.