21-nji dekabr demirgazyk ýarym şarda gyşyň başlangyjy, günorta ýarym şarda ýazyň başlangyjy hasaplanýar. Şu günden başlap, gijeleri gysgalyp başlar. Bu ýagdaý ýazyň başlangyjy hasaplanýan 21-nji marta çenli dowam edýär. Ekwator guşaklygyndan demirgazyga gidildigisaýyn gijeler has uzyn bolýar.

Senenama görä, gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýan hem bolsa, ylmy taýdan gyşyň başlanýan güni 21-nji dekabr hasaplanýar. Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna, Ýere Günüň şöhlesiniň düşüş dikligine baglylykda ýylyň dowamynda dört sany esasy gün bar. Bu günler pasyllaryň çalyşýan günleri hasaplanýar. 21-nji mart hem-de 23-nji sentýabr gije bilen gündiziň deňleşýän günleridir. 21-nji dekabr iň uzyn gije, iň gysga gündiz hasaplanýar. 21-nji iýun bolsa, iň uzyn gün, iň gysga gije bolýar.

Pasyllaryň emele gelmegi bilen bagly käbir gyzykly maglumatlar

  • Gije bilen gündiz ýylyň dowamynda iki gezek deňleşýär – 21-nji martda hem-de 23-nji sentýabrda.
  • 21-nji martdan soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
  • 23-nji sentýabrdan soňra gündiz gysgalyp başlaýar.
  • 21-nji iýun: iň uzyn gün, iň gysga gije. Bu seneden soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Demirgazyk polýusda Gün batmaýar, Günorta polýusda Gün dogmaýar.
  • 21-nji dekabr: iň uzyn gije, iň gysga gündiz. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
  • Ýer gyşyna Güne golaýlaşýar, tomsuna daşlaşýar.
  • Howanyň gyşyna sowuk bolmagy Ýer bilen Günüň uzaklygynyň üýtgemegine däl-de, Gün şöhlesiniň dikligi bilen baglydyr. Gün şöhlesi Ýere gyşyna gytak, tomsuna dik düşýär. Bu ýagdaý howanyň ýylylygyny kesgitleýär. Sebäbi, howa şöhläniň ýere düşüp yza serpikmegi netijesinde gyzýar. Dik düşen şöhle howany has gowy gyzdyrýar.
  • 34-nji ýanwar:Ýeriň Güne iň ýakynlaşýan wagty.
  • 45-nji iýul:Ýeriň Günden iň daşlaşýan wagty.
  • Ýeriň Güne ýakynlaşan döwri, Günüň dartyş güýjüniň täsiri artýandygy sebäpli planetamyzyň orbitadaky tizligi hem artýar. Günden uzaklaşanynda bolsa, peselýär.
  • Ýeriň Günüň daşyndan ortaça 30 km/sekunt bilen hereket edýär. Bu tizlik sagatda 110 000 kilometere barabar bolýar.