Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna, ýerli çig mal serişdelerine esaslanýan pudaklar bolan himiýa we nebithimiýa senagatynyň kuwwatyny düýpli artdyrmak, ösen gurluşyk materiallary senagatyny kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde amala aşyrylýan ykdysady strategiýa türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüşiniň tehnologik özgertmeleriň, innowasion ykdysadyýetiň geljegi bilen baglydygyny görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, şunda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat toplumy täze pudaklar bilen baýlaşdy, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleri düýpli artdy. Milli baýlygymyz bolan mineral-çig mal serişdeleriniň rejeli ulanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda täsirli ähmiýete eýe bolýan, geljegi örän uly bolan senagat toplumy kemala geldi.
Ýurdumyzda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Telekeçilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak maksady bilen daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.
Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olarda çykarylýan önümler daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barylýan utgaşykly işler bilen bir hatarda durmuş ugurly syýasat hem üstünliklere beslenýär. Muňa mysal edip ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.
Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde hususy telekeçiligiň dürli ugurlarda depginli ösüşleri gazanylyp, milli ykdysadyýetde tutýan orny barha artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşýan hususy pudagyň wekilleri Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işlere gatnaşýarlar. Bu iri taslamany iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilip, birinji tapgyrda 336 sany binadyr desga gurulýar. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşygyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar gatnaşýar.
Bu ýerde «akylly» öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, suw, gaz we beýleki ulgamlary aralykdan dolandyrmak, «akylly» şäheriň dürli ulgamlarynyň düzümini ýola goýmak babatda işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem «akylly şäher» ulgamynda ýurdumyzda ýene-de bir iri taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ol hem «Aşgabat-siti» taslamasydyr. «Aşgabat-sitiniň» Baş meýilnamasynyň şekil taslamasyna laýyklykda, 200-den gowrak binany öz içine alýan bu ägirt uly toplumda 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Kerimberdi MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.