Zenan Zeminiň görki. Tutuş maşgalanyň aladasy, geljekki nesliň terbiýesi zenanlaryň gerdenine düşýär. Gelin-gyzlaryň Watanymyzy goramakda hem-de däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilmeginde öçmejek yz galdyrandyklaryna şöhratly taryh sahypalaryna ser salanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Daş-töweregimizi gurşap alýan dünýä nähili üýtgese-de, jemgyýetçilik gatnaşyklary nähili özgerse-de, islendik döwürde hem zenanlar çäksiz hormat-sarpanyň eýeleri bolup gelýärler. Zenanlar ähli döwürlerde erkekleri diňe bir ruhlandyrman, eýsem taryhy emele getirdiler, sungatyň naýbaşy eserlerini döretdiler. Rowaýatlar we hekaýatlar söweşjeň zenanlar, parasatly hökümdarlar barada gürrüň berýär. Olar taýsyz edermenlik we zehinlerini görkezipdirler. Häzirki döwürde ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň ruhy, akyl-paýhas hem-de ahlak mümkinçilikleri durmuş wezipelerini çözmekde, medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, sagdyn nesilleri terbiýelemekde barha işjeň häsiýete eýe bolýar.
Zenan diýen mukaddes düşünjede bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar jemlenendir. Olaryň hormatyna her ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk hoşniýetliligiň, söýginiň, nuranalygyň, näzikligiň, gözelligiň hem-de wepadarlygyň ajaýyp şöhlelenmesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri nazara alnyp, zenanlarymyzyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanmagy, olara “Ene mähri” diýen hormatly atlaryň dakylmagy, köp çagaly maşgalalaryň ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi, gelin-gyzlarymyza, kümüş saçly enelerimize pul sowgatlarynyň gowşurylmagy zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Zenanyň keşbi köp sanly şahyrana, saz eserlerinde wasp edilendir. Nusgawy türkmen edebiýaty aýal-gyzlara bolan çäksiz söýgä, belent sarpa beslenendir, halk tarapyndan döredilen we nesilden-nesle geçip gelýän ene ýüreginiň mähri enäniň wesýetleriniň hem-de nesihatlarynyň gudraty baradaky rowaýatlar bolsa türkmen halkynda mukaddeslik hökmünde enä bolan belent hormat-sarpany kemala getirdi. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän şol hormat-sarpany häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň ýokary jemgyýetçilik-syýasy mertebä eýe bolmagynda, olaryň durmuşyň ähli ugurlaryna deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan kadalaryň Esasy Kanunymyzda we beýleki hukuk namalarda berkidilmeginde görmek bolýar. Bu günki gün durmuş we gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňliginiň üpjün edilmegi has netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, gender deňliginiň üpjün edilmegi, maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda gender deňligi babatda: “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bar.
Ýurdumyzyň zenanlar, esasan hem, saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet we ykdysadyýet ulgamlarynda zähmet çekýärler. Işleýänleriň umumy sanynyň hasabynda zenanlaryň paýynyň artmagy iri möçberli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär.
“Bilim hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Türkmenistanyň llaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy. 2021-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda zenanlaryň durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini höweslendirmek boýunça strategik maksatlary kesgitleýän “Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy” kabul edildi. Bu Meýilnama aýallaryň we erkekleriň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmagy üçin şertleriň üpjün edilmegini nazarlaýan maksatnamalaýyn resminama bolup durýar.
Onda raýatlaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusion ýörelgesiniň üpjün edilmeginde we gender deňligi boýunça kabul edilen halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde döwlete kesgitleýji ornuň degişlidigi aýratyn nygtalýar. Türkmenistanda zenanlaryň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri we hukuk goraglylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesinde öz üstüne alan borçnamalaryny pugta berjaý edýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara çärelerini amala aşyrýar. Olaryň hatarynda BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşini, BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýany, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetini nygtamak bolar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zenanlarymyza goýulýan belent hormat-sarpanyň, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, gender deňligini üpjün etmek babatda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň mysallarydyr. Aýal-gyzlarymyza döwlet derejesinde ägirt uly üns berilmegi bolsa ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredip, öz nobatynda, tutuş adamzadyň parahatçylygyny we ösüşini üpjün edýär.
Gülbagt Hajyýewa
Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy