Gizedäki äpet piramidalar birwagtlar adamlar tarapyndan gurlan iň ajaýyp desgalaryň biri hasaplanýar. Bu dünýäniň şu güne çenli saklanyp galan ýeke-täk gadymy täsinligidir. Alymlar piramidada birnäçe ýyllardan bäri barlag geçirýärler, ýöne henize çenli syrlaryň ählisiniň üstüni açyp bilmeýärler.
Indi alymlar topary Beýik Hufunyň (Heopsyň) piramidasyny ýokary energiýaly fizikany ulanmak arkaly kosmos şöhleleriniň, ýagny kosmos şöhleleriniň mýuonlary bilen skanirlemek isleýärler. Bu piramidanyň jümmüşine öňküsinden has çuňňur aralaşyp, onuň içki kartasyny jikme-jik düzmäge mümkinçilik berer.
Piramida miladydan öň, XXVI asyrda gurlup, onuň gurluşygy 27 ýyla çekipdir. Bu piramida umumy agramy 6 million tonna bolan 2,3 million sany daş böleklerinden gurlupdyr. 3800 ýyllap, piramida dünýäniň iň uly taryhy binasy hökmünde ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Mýuon tomografiýasy başga tärler bilen aralaşyp bolmaýan ýerleri içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär. Mýuonlar elektronlara meňzeş, emma has agramly elementar bölejiklerden ybarat bolup, rentgen şöhlelerinden hem has çuň ýerlere aralaşmaga ukyplydyr.
Heopsyň aramgähi bu gurluşyň merkezinde ýerleşýär. «Beýik Piramidanyň barlaglary» missiýasy mundan beýläk Heopsyň piramidasyny içgin öwrenmek maksady bilen mýuon tomografiýasyny ulanýar. Şol bir wagtyň özünde ulgam öňki meňzeşlerinden 100 esse güýçlüdir.
– Biziň tagallalarymyz ilkinji gezek piramidanyň hakyky tomografik keşbini döretmäge mümkinçilik berer – diýip, toparyň agzalary bellediler.