5-11-nji mart aralygynda Pekinde 13-nji Milli Halk Gurultaýynyň bäşinji sessiýasy geçirildi. Maslahata Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we ýurduň beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sessiýa ýurduň çar künjeginden 3 müňe golaý wekil gatnaşyp, ýurduň kanun çykaryjy we ykdysady maksatlarynyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Her ýylda guralýan forumyň gün tertibiniň esasy meseleleri, esasan, 2021-nji ýylda ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň netijelerine garamakdan, 2022-nji ýylda ýurduň esasy wezipelerini, býujetini ara alyp maslahatlaşmakdan we tassyklamakdan ybarat boldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministri Li Kesýan hökümetiň işi barada hasabat bilen çykyş etdi. Hytaýyň Milli statistika býurosynyň habaryna görä, geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň jemi içerki önümi 8,1% ýokarlanyp, 18 trillion dollara ýetdi.
Çalt depginler bilen gazanylan ösüş, 2020-nji ýylda ykdysady ösüşiň peselmegine sebäp bolan koronawirus pandemiýasynyň ýurduň ykdysadyýetine düýpli täsir etmeginiň yzysüre gazanyldy. 2020-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümi ýyllyk 2,3% ösdi we bu soňky 45 ýylda rekord derejä ýetdi. Pandemiýadan soň çalt we täsirli ykdysady dikeldişiň netijesinde, üstünlikli ykdysady ösüş mümkin boldy.
2021-nji ýylda çalt depginler bilen ykdysady ösüş jemi içerki önümiň möhüm bölegi bolan daşary söwdanyň ösüşi bilen gazanyldy. Hytaýyň gümrük statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň dünýä söwdasyna ýaramaz täsir etmegine garamazdan, ýurduň umumy daşary söwdasy 6,05 trillion dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,4 trillion dollar artdy.
Resmi statistika görä, Hytaý we onuň bäş sany uly söwda hyzmatdaşynyň arasyndaky söwdada durnukly ösüş bellendi. ASEAN ýurtlary, Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen daşary söwda dolanyşygy degişlilikde, 19,7%, 19,1% we 20,2%, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen degişlilikde, 9,4% we 18,4% ýokarlandy.
Hytaý 2022-nji ýylda nebit-gaz gözlegini güýçlendirer
Hytaý häkimiýetleri, ýurduň sosial-ykdysady ösüş meýilnamasyndan ugur alyp, 2022-nji ýylda nebit-gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny mälim etdi. «Nebit-gaz gorlaryny ýüze çykarmak boýunça öz mümkinçiliklerimizi ösdürmeli, nebitiň, gazyň, minerallaryň we beýleki tebigy baýlyklaryň gözlegini güýçlendirmeli we döwlet strategiki ätiýaçlyklarynyň ulgamyny kämilleşdirmeli» diýlip, resminamada bellenilýär.