Por­tu­ga­li­ýa­ly alym­lar adat­da­ky­dan iki es­se­den hem az suw ta­lap ed­ýän ar­ça gör­nü­şi­ni dö­red­ýär­ler. «BLC3» (BLC3 teh­no­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­ýa kam­pu­sy) as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Žoao Nu­nes mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa çe­me­leş­me ar­ka­ly ge­ne­ti­ki taý­dan hi­li ýo­ka­ry, has çy­dam­ly ar­ça gör­nü­şi­ni dö­re­den­dik­le­ri­ni aýt­dy. Iki ýyl­da dö­re­di­len ar­çanyň bu sor­ty adat­da­ky­dan 60 gö­te­rim az suw ta­lap ed­ýär. Alym­lar in­di şeý­le ösüm­lik­le­riň 162 sa­ny­sy­nyň tä­ze to­hu­my­ny dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Şeý­le hem bu agaç­lar di­ňe daş­ky gur­şa­wa peý­da­ly bol­man, eý­sem, te­bi­gy şep­bik ön­dür­mek üçin hem kö­pel­di­ler. Bu ýurt­da be­zeg şaý-sep­le­ri hök­mün­de ula­nyl­ýan te­bi­gy şep­bik­ler ön­dü­ril­ýär. Tä­ze dö­re­di­len agaç dür­li se­bäp­le­re gö­rä aza­lan to­kaý meý­dan­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de hem peý­da­la­ny­lar.

Ogul­ge­rek Işan­gu­ly­ýe­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.