Germaniýaly alymlar gaýyň agaçlarynyň howadaky mikroplastikleri özüne çekýändigini anykladylar. Bu açyşyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsirli boljakdygy bellenilýär. Ylmy barlagy «Studio Austen», IGB we Nemes Ýer bilimleri barlag merkeziniň alymlary amala aşyrdylar. Geçirilen barlagda gaýyň agaçlarynyň we beýleki uzak ýaşaýan agaçlaryň mikroplastikleri özüne çekýändigi we dokumalarynda saklaýandygy ýüze çykaryldy. Gaýyň agaçlary köp wagtdan bäri senagat galyndylaryny we metal külkelerini özüne siňdirýändigi sebäpli zeper ýeten tebigaty dikeltmek üçin ekilýär. Netijeleri «Biofuels Digest» neşirinde çap edilen bu ylmy işde mikroplastik monjuklar gaýyň agajynyň köküniň golaýyna, topraga garylypdyr. Bäş aýdan soňra agajyň köki barlananda mikroplastikler tapylypdyr.
Täzegül ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.