30-njy martda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar.

Asyl­ly dä­be gö­rä, go­wa­ça eki­şi­ne hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar ak pa­ta ber­di­ler. Be­ýik Bi­ri­bar­dan aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, döwlet Baştutanymyzyň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç al­ma­gy di­leg edi­lip, meý­dan­la­ra il­kin­ji go­wa­ça to­hum­la­ry se­pil­di. Soň­ra me­ha­ni­za­tor­lar işe gi­riş­di­ler.
Şu ýyl ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de 140 müň gek­ta­ra go­wa­ça eki­lip, on­dan «ak al­ty­nyň» 275 müň ton­na­sy­ny ýyg­na­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. We­la­ýa­tyň daý­han­la­ry or­ta sü­ýüm­li pag­ta­nyň «Da­şo­guz-120», «Da­şo­guz-114», «Gu­ba­dag-3», «S-4727», «Jeý­hun», «F-149», «Ýo­l­öten-39» ýa­ly gör­nüş­le­ri­ni ýe­tiş­dir­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, jo­gap­kär­li möw­sü­me – go­wa­ça eki­şi­ne top­lum­la­ýyn we gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de döw­re­bap teh­ni­ka­la­ryň – dür­li ky­sym­ly trak­tor­la­ryň, eki­ji­le­riň, kul­ti­wa­tor­la­ryň do­ly de­re­je­de we saz­la­şyk­ly iş­le­dil­me­gi­ne hem-de pag­ta­çy­la­ryň to­hum bi­len ýe­ter­lik de­re­je­de üp­jün edil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
We­la­ýat­da ýer­le­ri eki­şe taý­ýar­la­mak we go­wa­ça ideg et­mek üçin oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň uly top­lu­my, ýag­ny ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li trak­tor­la­ryň 2552-si bar.

Şo­la­ryň ag­la­ba­sy dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «John Dee­re» we «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan sa­tyn al­nan trak­tor­lar­dyr. Eki­ji­le­riň 454-si bök­denç­siz ekiş işi­ni üp­jün eder. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Mo­no­sem» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň se­kiz ha­tar­ly eki­ji­le­ri we beý­le­ki en­jam­la­ry bar.
Ýaz­ky möw­sü­miň öňü­sy­ra­syn­da Da­şo­guz we­la­ýat hä­kim­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ri­lip, oňa et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we esa­sy hü­när­men­le­ri, tej­ri­be­li ag­ro­nom­lar, me­ha­ni­za­tor­lar, kä­ren­de­çi-pag­ta­çy­lar gat­naş­dy­lar.
Ýyg­na­nan­lar ekiş möw­sü­mi­ni öz wag­tyn­da ge­çir­mek, de­giş­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­ri, şeý­le hem «ak al­ty­nyň» we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň «Ak­ga­la» daý­han bir­le­şi­gi ekiş möw­sü­mi­niň baş­la­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň mer­ke­zi­ne öw­rü­lip, bu ýer­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we de­mir­ga­zyk se­bi­tiň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Mow­zuk­la­ýyn çä­re­ler Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da we se­bi­tiň beý­le­ki ýer­le­rin­de ge­çi­ril­di.
We­la­ýa­tyň aý­dym-saz we folk­lor-tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­le­ri­ne, şeý­le hem 2022-nji ýy­lyň «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry­na ba­gyş­lan­dy.