Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň gaznahanasynda we hemişelik sergi bölüminde türkmen milli şaý-sepleriniň ähli görnüşi bilen tanyşmak mümkin. Türkmen milli bezeg şaý-sepleriniň 35 görnüşi mälimdir. Olaryň hemmesi diýen ýaly kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylypdyr. Şeýle hem bu şaý-seplere aýna gaşlar oturdylyp, olar hakyk, pöwrize, emeli hakyk daşlary bilen bezelipdir. Türkmen zergärleri milli şaý-sepleri bezemekde, esasan hem, hakyk daşyndan köp peýdalanypdyrlar. Milli şaý-sepleri ulanylyş maksatlary taýdan birnäçe görnüşe bölmek bolýar. Biz şu makalamyzda türkmen milli şaý-seplerinden bäzbent, tumar, heýkeller hakynda gürrüň etmek isleýäris.
Bäzbent ir döwürlerde peýda bolupdyr. Ol ýuka, tegelek gapyrjak şekilli bolup, iki gatdan ybaratdyr. Kebşirlemek usulynda ýasalyp, gapyrjagynyň içine yrym-ynançlar bilen bagly zatlary salmak üçin ulanylýan bäzbent çagalaryň egin-eşiginiň egin we arka ýanaşýan bölegine berkidilipdir. Ony ýurdumyzyň demirgazygynda ýaşaýan zenanlar egin-eşikleriniň egnine dakypdyrlar. Onuň ýüz tarapy her hili geometrik şekiller hem-de ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Şonuň ýaly-da, olaryň käbir görnüşleriniň gyralaryna simi işmek arkaly salnan nagyş kebşirlenipdir. Bäzbent şaýynyň ýüzüne altyn çaýylyp, merkezine uly hakyk gaşy oturdylypdyr. Miladydan öňki VI-VII asyrlara degişli arheologik tapyndylaryň arasynda şoňa meňzeş şaý-sepleriň duş gelmegi bu aýdylanlary doly tassyklaýar.
Türkmen milli şaý-sepleriniň arasynda tumaryň aýratyn orny bolupdyr. Tumarlar içine sapak, duz, kömür, ys beriji serişdeleri salmak üçin ulanylypdyr. Tumarlar üçburçluk hem-de turba görnüşleri boýunça köp ýaýran şaý-sepleriň biri hasaplanyp, daş görnüşi biri-birinden tapawutly bolýar. Çagalara dakylýan tumarlar diňe kümüşden ýasalyp, turbajyk görnüşinde bolupdyr. Tumarçalaryň turba görnüşiniň iki gapdalyndaky gulplary açylypdyr. Esasan hem, iki gapdalyndaky gulplara alaja ýüp dakylypdyr ýa-da çagalaryň eşiklerine tikilipdir. Gelin-gyzlaryň dakynýan tumarynyň görnüşi üçburçluk şekilinde bolupdyr. Tumar kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan hem-de altyn çaýylmadyk görnüşleri gabat gelýär. Tumarlara hakyk daşyndan ýasalan gaşlar oturdylyp bezelipdir. Onuň gyralaryna goçuň kellesiniň şekili ýa-da gülüň şekili bilen bezelen görnüşi hem duş gelýär.
Halkymyzyň islendik şaý-sepini alanyňda hem nepisligi, gözelligi bilen aklyňy haýran edýär. Gadymdan galan milli şaý-seplerimiziň häzirki döwürde peýdasy, ähmiýeti uludyr. Türkmen zergärleri şolaryň esasynda şaý-sepleriň täze görnüşlerini döredýärler. Bu şaý-sepler gelin-gyzlarymyzyň esasy bezegi bolup durýar.
Täzegül Öwezmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.