Her ýyl 1-nji ap­rel­de Hal­ka­ra guş­lar gü­ni bel­le­nil­ip, onuň mak­sa­dy guş­la­ryň gör­nüş­le­riniň dür­lü­li­gi­ni we köp­lü­gi­ni go­rap sak­la­mak­dan yba­rat­dyr. Ilkinji gezek 1894-nji ýyl­da ABŞ-da bellenilen bu sene soňra köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň kö­me­gi bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp, ýur­duň äh­li ştat­laryn­da köp­çü­lik­le­ýin ge­çi­ri­lip baş­lan­ypdyr we Ýew­ro­pa ara­laşypdyr. 1902-nji ýy­lyň 19-njy mar­tyn­da 10-dan gow­rak döw­let ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len «Oba ho­ja­ly­gyn­da peý­da­ly guş­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa» ka­bul edil­ip, 1905-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da güý­je gir­ýär. 1950-nji ýy­lyň 18-nji okt­ýab­ryn­da Pa­riž­de «Guş­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa» gol çe­kil­­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Hal­ka­ra guş­lar gü­ni ÝU­NES­KO-nyň «Adam we bi­os­fe­ra» bio­lo­gik mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de dün­ýä­niň köp ýur­dun­da bellenil­ýär.

Baý­ram­mu­ham­met HA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.