31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ygtybarly esasyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna öz içine medeni çäreleri hem alýan saparyň maksatnamasy hödürlenildi. Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler belent mertebeli myhmana hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, mähriban halkymyzyň baý milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Aziýa sebitiniň ýurtlary, şol sanda Hindistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Aşgabatda ýokary derejede meýilleşdirilen duşuşygyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Bu duşuşyk köpasyrlyk dostlugyň berk binýadyna hem-de taryhy köklere esaslanýan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekdi.
Ýangyç-energetika ulgamy bilen bir hatarda senagat, ulag we kommunikasiýalar, öňdebaryjy tehnologiýalar pudaklarynda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.
Gadymdan bäri türkmen we hindi halklaryny baglanyşdyrýan hem-de häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistan we Hindistan Respublikasy köptaraply görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.