Hal­ka­ra ast­ro­nom­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­lar­da, «Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly» ga­lak­ti­ka­sy­nyň ozal çak edi­li­şin­den, tak­my­nan, iki mil­liard ýyl ozal eme­le ge­len­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu onuň Älem­dä­ki iň ga­dy­my ga­lak­ti­ka­la­ryň bi­ri­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si «Na­tu­re» žur­na­lyn­da çap edil­di. Alym­la­ryň ge­len bu ne­ti­je­si, Ýew­ro­pa kos­mos gul­lu­gy ESA-nyň «Gaia» mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len gö­zeg­çi­lik­le­re esas­lan­ýar. Ast­ro­nom­la­ra «Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň» «ga­lyň disk» di­ýil­ýän bö­le­gi­ni öw­ren­mek ba­şart­dy.
Tä­ze mag­lu­mat­la­ryň sel­jer­me­si, ga­lak­ti­ka­my­zyň bu bö­le­gi­niň, tak­my­nan, 13 mil­liard ýyl ozal ýa-da «Uly part­la­ma­dan» 800 mil­li­on ýyl soň eme­le ge­lip baş­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Şeý­le­lik bi­len, «Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly» ozal çak edi­li­şin­den, tak­my­nan, iki mil­liard ýyl ozal eme­le ge­lip ug­rap­dyr.
Şeý­le hem, ast­ro­nom­lar «Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň» ta­ry­hy­nyň iki tap­gy­ry­ny kes­git­le­di­ler. Bi­rin­ji tap­gyr­da «Uly part­la­ma­dan» 800 mil­li­on ýyl soň­ra «ga­lyň disk» ýyl­dyz­la­ry eme­le ge­ti­rip baş­lap­dyr. Bu iki mil­liard ýyl tö­we­re­gi do­wam edip­dir. Mun­dan soň «Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň» goň­şy Gir­de­nek ga­lak­ti­ka­sy bi­len çak­ny­şy­gy bo­lup­dyr, bu älem he­läk­çi­li­gi «in­çe dis­kiň» dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip­dir, mun­dan soň ýe­ne tä­ze ýyl­dyz­lar we Gün eme­le ge­lip baş­lap­dyr di­ýip alym­lar bel­le­ýär­ler. Iki ga­lak­ti­ka­nyň bir­leş­me­gi ýyl­dyz­la­ryň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup, «ga­lyň disk» he­ni­zem ýyl­dyz­la­ry eme­le ge­tir­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär.