11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy geljek 30 ýylda ösdürmek meselelerine garalyp, örän möhüm resminamalara gol çekildi. Onda uzak möhletleýin resminama – «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Hususan-da, bu maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk ugurlaryny we täze wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hyzmat etjek täze maksatnama geljek 30 ýylda ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip aýratyn nygtaýar.
Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalygyna hem aýratyn orun berildi. Bu möhüm pudagyň önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi daýhanlara işlemäge, döretmäge, gurmaga we toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda daýhanlarymyz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kesbini ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp zähmet çekýärler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly bilen birlikde gök-bakja, ýeralma, halkyň isleg bildirýän beýleki gök ekinlerini, şeýle-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ilaty ýylyň dowamynda gök önümler bilen üpjün eder ýaly, welaýatlarda ýyladyşhanalar hem-de sowadyjylar gurlup ulanmaga berilýär. Gyş paslynda-da bazarlarymyzdaky ter gök-bakja önümleriniň köpdürlüligi bu geçirilýän işleriň miwesidir.
Milli maksatnama laýyklykda, ýokary hilli, halkara ülňülere laýyk gelýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek arkaly Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün ediler. Şonuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň import edilýän möçberi azaldylyp, eksporty artdyrylar.
Bu maksatnamany amal etmekde esasy wezipe ýaşlaryň üstüne düşýär. Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur.
Rüstem RAHMANKULOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap birleşmesiniň başlygy,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.