Häzirki wagtda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup durýar. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçiligiň ähmiýeti uludyr. Onuň giň gerimde ösdürilmegi, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artdyrylmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa, öz gezeginde, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna getirýär.

Pu­da­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­tan­da mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Bu ugur­da tä­ze ka­nun­la­ryň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Oý­lap ta­pyş­lar we se­na­gat nus­ga­la­ry ha­kyn­da», «Ha­ryt ny­şan­la­ry, hyz­mat ediş ny­şan­la­ry we ha­ryt­la­ryň ge­lip çy­kan ýe­ri­niň ady ha­kyn­da», «Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry te­le­ke­çi­lik işin­de ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri düz­gün­leş­dir­ýär we hu­su­sy­ýet­çi­lik işi­niň hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Top­lum­la­ýyn we yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bu iş­ler döw­let bi­len hu­su­sy ul­ga­myň ara­syn­da oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär.
Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri içer­ki ba­zar­lar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de, önüm ön­dür­mek­de we gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Ha­ky­kat­dan-da, her bir ýur­duň ösü­şin­de uly we­zi­pä­ni eýe­le­ýän ugur­la­ryň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri hu­su­sy te­le­ke­çi­lik işi­dir. Yk­dy­sa­dy taý­dan ösen döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan te­le­ke­çi­lik işi­ni ös­dür­mek­de we kä­mil­leş­dir­mek­de ýur­du­myz­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Te­le­ke­çi­lik işi­ne baş­la­mak we ýo­la goý­ma­gy ama­la aşyr­mak üçin ze­rur se­riş­de­le­riň iň mö­hü­mi ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­dir. Se­bä­bi ma­li­ýe se­riş­de­le­ri ýe­ter­lik bo­lan ýag­da­ýyn­da te­le­ke­çi­lik işi­ni ýo­la goý­mak we üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan mad­dy-teh­ni­ki se­riş­de­ler, em­läk­ler ýa­ly beý­le­ki se­riş­de­le­riň äh­li­si­ni sa­tyn ýa-da kä­ren­de­si­ne alyp bol­ýar. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ýur­du­myz­da umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy ýyl­sa­ýyn art­ýar.
2008-nji ýy­lyň 17-nji mar­tyn­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy gur­lu­şyn­da mil­li te­le­ke­çi­li­giň, hu­su­sy sek­tor­la­ryň my­na­syp or­ny eýe­le­me­gi­ne ýol aç­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu bir­leş­me özü­niň dö­re­di­le­ni­niň 14 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. In­di­ki hep­de bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň köp san­ly­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ser­gi we mas­la­hat gu­ra­lar. On­da te­le­ke­çi­ler ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de öz ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni ýe­ne-de bir ge­zek köp­çü­li­ge gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik alar.
Umu­man, ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­mek­de düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, yk­dy­sa­dy­ýet­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy bar­ha art­ýar. Ba­zar­la­ry­myz­da te­le­ke­çi­le­riň ön­dü­ren azyk önüm­le­ri, dür­li mi­we­le­ri, ter gök önüm­le­ri, umu­man ola­ryň dö­red­ýän ha­ryt bol­çu­ly­gy hal­kyň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da te­le­ke­çi­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li be­ril­ýän gol­daw­la­ryň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ar­ka­ly im­port ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýer­li ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi giň ge­rim bi­len ýo­la go­ýul­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ata­baý MOM­MY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.