Rus­si­ýa­da daş­dan ki­tap, ofis ka­gyz­la­ry­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Bu ba­ra­da hä­zir­ki baş­lan­gy­jyň aw­to­ry, yk­dy­sad­çy Alek­seý Ýel­su­kow ha­bar ber­di. Bu ýer­de agaç sell­ýu­lo­za­syn­dan alyn­ýan ada­ty ka­gyz­lar bi­len bir ha­tar­da, hek da­şyn­dan we po­li­mer­den alyn­jak daş ka­gy­zyň önüm­çi­li­gi­ne gi­riş­mek tek­lip edil­ýär.
– Hek da­şyn­dan ofis, ki­tap, ga­zet-žur­nal hem-de gap­la­ýyş iş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen ga­lyň ka­gyz­la­ry ön­dü­rip bol­ýar. Eger-de ýurt­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­lik ýo­la go­ýlan ha­la­tyn­da, onuň ba­ha­sy ada­ty ka­gyz bi­len de­ňeş­di­ri­len­de deň, hat­da ar­zan hem bo­lar – di­ýip, Ýel­su­kow bel­le­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­da daşdan ka­gyz ön­dü­ril­ýär. Bu ugur­da hek da­şy­nyň köp duş gel­ýän ýe­ri Öz­be­gis­tan­da hem uly ösüş­ler gö­ze il­ýär, Tür­ki­ýe hem şu­ňa meň­zeş tas­la­ma­lar ba­ra­da ha­bar ber­di.
– Rus­si­ýa­da hek da­şy­nyň ummasyz äti­ýaç­lyk­la­ry bar. Şeý­le ka­gyz­la­ry agart­ma­gyň ze­rur­ly­gy bol­man, çyg­ly­ly­ga hem has çy­dam­ly. Şeýle kagyz çap et­me­giň äh­li gör­nüş­le­ri üçin ula­ny­lyp bil­ner. Mun­dan baş­ga-da, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bo­lan bu ka­gyz­lar çüý­re­mä­ge ukyp­ly – di­ýip, baş­lan­gy­jyň aw­to­ry nyg­ta­dy.
Bu tas­la­ma Stra­te­gik baş­lan­gyç­lar gul­lu­gy hem-de «Ros­kong­ress» gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan şu to­mus­da Mosk­wa­da gu­ral­jak «Tä­ze dö­wür üçin güýç­li pi­kir­ler» fo­ru­myn­da hö­dür­le­ner.