Ýu­waş um­ma­ny­nyň düý­bün­de, has çuň suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri ta­pyl­dy. Ang­li­ýa­nyň Te­bi­gat ta­ry­hy mu­ze­ýi­niň hü­när­men­le­ri um­ma­nyň Kla­ri­on-Klip­per­ton at­ly or­ta bö­le­gin­de dür­li bar­lag­la­ry ge­çir­di­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ozal ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk 30-dan gow­rak jan­da­ryň üs­tün­den ba­ryl­dy. Bu bar­lag­da ge­og­ra­fik taý­dan Ýe­riň «dö­wül­ýän» ýe­ri bo­lan­dy­gy üçin baý ekoul­ga­my­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Bu ýer­de um­ma­nyň düý­bün­de 7 müň 250 ki­lo­metr­lik «jar» bar. Deň­ziň düý­bi uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan su­was­ty bar­lag gä­mi­si bi­len jik­me-jik öw­re­nil­di. Taý­ýar­la­nan ma­ka­la «Zoo­ke­ys» at­ly yl­my žur­nal­da ne­şir edil­di. Ma­ka­la­da bu ýer­däki 55 jan­da­ryň 48 gör­nü­şiň we­kil­le­ri­di­gi, 30-dan gow­ra­gy­nyň ylym dün­ýä­si­ne ozal mä­lim bol­ma­dyk jan­dar­lar­dy­gy bel­le­nil­di. Ta­py­lan jan­dar­la­ryň ara­syn­da gur­çuk­lar, kyr­ka­ýak­lar, oňur­ga­syz jan­dar­lar, mol­ýusk­lar we dür­li mer­jen gör­nüş­le­ri bar.
Öw­ren­mek üçin al­nan nus­ga­lyk­la­ryň 34-isi 4800 metr­den aşak­da, 2-si 4125 metr çuň­luk­da we 17 sa­ny­sy 3000-3562 metr ara­ly­gyn­da­ky çuň­luk­da ta­pyl­dy.
Bu bar­la­gyň şeý­le çuň­luk­da ge­çi­ri­len il­kin­ji giň möç­ber­li bar­lag­dy­gy mä­lim edil­di.