Haý­wa­nat dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly gur­lu­şy bo­lup, on­da­ky jan­ly-jan­dar­lar bir­nä­çe maş­ga­la­la­ra bö­lün­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem pi­şik­ler maş­ga­la­sy­dyr. Pi­şik­ler maş­ga­la­sy­ndan ada­ty öý pi­şi­gi­ni, ýol­bar­sy, gap­la­ňy, bar­sy, ga­ra­gu­la­gy, ala­ja­gap­la­ňy, ge­çi­gap­la­ňy, ýa­ba­ny pi­şi­gi… my­sal ge­tir­mek bo­lar. Bu ýyr­ty­jy­lar aw aw­laý­şy hem-de ýa­şa­ýyş şer­ti bi­len bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Pi­şik­ler maş­ga­la­sy­nyň çöl­de ýa­şa­ýan, suw­suz­ly­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan gör­nü­şi­niň bi­ri hem gum pi­şi­gi­dir.

Aý­ra­tyn­ly­gy
Gum pi­şi­gi suw çeş­me­le­rin­den uzak­da – çöl­de ýa­şa­ýan ýa­ba­ny pi­şik­le­riň ki­çi­räk gör­nü­şi­dir. Ol açyk çal, çä­ge­söw reňk­de bo­lup, kä­bi­ri­niň ga­ram­tyl zo­lak­la­ry hem bar. Göw­re­si­niň uzyn­ly­gy ba­ry-ýo­gy 50 san­ti­metr tö­we­re­gi­dir. Onuň ki­çi­jik gu­la­gy bo­lup, hi­ni­niň için­de ar­ka­ýyn he­re­ket et­mä­ge kö­mek ed­ýär. Gum pi­şi­gi­niň eşi­diş duý­gur­ly­gy öý pi­şi­giň­ki­den 8 de­si­bel ulu­dyr. Ol, adat­ça, gün­diz hi­nin­de dynç alyp, gi­je­le­ri­ne aw ed­ýär. Gum pi­şi­gi ow­nuk gem­ri­ji­le­ri, oňur­ga­syz jan­dar­la­ry, tow­şan­la­ry, zä­her­li ýy­lan­la­ry we gi­je­si­ne uç­ýan guş­la­ry aw­la­mak üçin or­ta­ça 5,4 ki­lo­metr ýol geç­ýär.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da duş gel­ýän gum pi­şi­gi­niň öň aýa­gyn­da­ky dyr­nak­la­ry gys­ga­dan ga­ty ýi­ti, yz­ky aýa­gyn­da­ky dyr­nak­lar bol­sa ow­nuk bol­ýar. Pen­je­le­ri­niň aşa­ky bö­le­gi­niň ga­lyň sü­tük­li ör­tük bi­len gur­şa­lma­gy gyz­gyn çä­gä­niň üs­tün­de ar­ka­ýyn he­re­ket et­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Şeý­le aý­ra­tyn­lyk, gum pi­şi­gi­niň aýak yzy­ny ta­na­ma­gy we yzar­la­ma­gy kyn­laş­dyr­ýar.

Öw­re­ni­li­şi
Yl­ma mä­lim bo­lan il­kin­ji gum pi­şi­gi Al­ži­riň Sa­ha­ra­syn­dan ta­py­lyp, 1858-nji ýyl­da bu ba­ra­da ha­bar be­ril­ýär. Şu gü­ne çen­li Ma­rok­ko­da, Al­žir­de, Ni­ge­ri­ýa­da, Çad­da, Mü­sür­de, Arap ýa­rym ada­syn­da we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da gum pi­şi­gi ha­sa­ba alyn­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­da 1925-nji ýyl­da Ga­ra­gum säh­ra­syn­da il­kin­ji ge­zek gum pi­şi­gi­niň bar­dy­gy­ny gör­ýär­ler. 1960-njy ýyl­la­ryň ahy­ry­na çen­li gum pi­şi­gi Üst­ýurt düz­lü­gi­ne, Kö­pet­da­ga, Amy­der­ýa we Syr­der­ýa ara­ly­gy­na (Gy­zyl­gum), Ga­ra­gu­ma ýaý­rap baş­la­ýar. Ilat sa­ny­nyň kö­pel­me­gi hem-de te­bi­gy şert­le­riň üýt­ge­me­gi na­za­ra al­nyp, gum pi­şi­gi Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şik (IUCN) ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba al­yn­ýar.