“Michelin” kompaniýasy “Carbios” kompaniýasynyň plastmassa zyňyndylaryny çig mal hökmünde peýdalanandygyny we oňyn netije alandygyny mälim etdi. Awtoulag tekerlerini öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Michelin” ulanyşdan galan plastika we dokmaçylyk polimerlerini gaýtadan peýdalanmak üçin bio-senagat çözgüdi işläp taýýarlady. Bu usulyň teker öndürmek üçin gerekli çig malyň dolulygyna ozal ulanylan materiallardan üpjün edip boljakdygyny belleýärler. Bilermenler gaýtadan peýdalanylan plastika önümlerinde ýeterlik derejede çeýe we çydamly tekerleri öndürip bilendiklerini belleýärler. Çig mal hökmünde ozal ulanylan plastik çüýşeler, dürli gaplar, polýester egin-eşikleri ulanylypdyr. Şeýlelikde, her hilli PET zyňyndylary yzygiderli gaýtadan peýdalanmagyň usuly oýlanyp tapyldy. Zyňyndylardan alnan önümiň hiliniň entek gaýtadan işlenmedik plastika bilen deňdigi mälim edildi.
Tekerleri öndürmek üçin bu usuldan peýdalanan ilkinji kompaniýa bolan “Michelin” çig malyň 2030-njy ýyla çenli 40 göterimini, 2050-nji ýyla çenli 100 göterimini ozal ulanylan ýa-da gaýtadan ulanyp boljak materiallardan almagy maksat edinýär.
Maglumatlara görä, dünýäde her ýylda 1,6 milliard awtoulag tekeri satylýar. Bu tekerlerde ulanylýan pet süýümi almak üçin 800 müň tonna çig mal ulanylýar. “Michelin”-iň durmuşa geçirjek taslama her ýylda 3 milliard plastik çüýşe teker önümçiliginde ulanylar.
Hiwali Hümmedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy