Her ýylyň 6-njy oktýabrynda dünýäniň köp ýurdunda Ýaşaýyş ýerlerini goramagyň Bütindünýä güni bellenilýär. Bu planetamyzyň haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş ýerlerini gorap saklamak meselesine adamlaryň ünsüni çekmek üçin döredilen halkara senedir. Bu sene 1979-njy ýylda Ýewropanyň ýabany tebigatyny we tebigy ýaşaýyş ýerlerini goramak baradaky Bern konwensiýasyna laýyklykda döredildi.  

Dürli maksatlar bilen kesilýän tokaý agaçlary haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýan ýerini azaldýar. Şäherleriň ösmegi, zawodlaryň we ykdysady desgalaryň gurulmagy, şeýle hem minerallaryň çykarylmagy planetamyzyň haýwanat dünýäsine ters täsir edýär. Adamlaryň tebigatyň kanunlaryna gözegçiliksiz gatyşmagy sebäpli haýwanlaryň we ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi ýitip ýok boldy. Geçen asyra çenli süýdemdirijileriň 150 görnüşi, esasan-da iri görnüşleri we guşlaryň 139 görnüşi ýitip gitdi. Emma häzirki wagtda-da haýwanat dünýäsiniň köp wekili ýok bolmak howpundadyr. Ýaşaýyş ýerlerini goramagyň Bütindünýä gününde daşky gurşaw guramalary dünýä jemgyýetçiligini planetamyzyň tebigatyna hormat goýmagyň we goramagyň zerurlygy barada pikirlenmäge, şeýle hem täsin ýaşaýyş ýerlerini gorap saklamak üçin ähli zerur şertleri döretmäge çagyrýan dürli daşky gurşaw çärelerini geçirýärler.

Bahar GAZAKOWA,  Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy