Lift. Be­ýik bi­na­la­ryň gur­lup baş­lan­ma­gy bi­len oňa mü­nüp-düş­mek kyn­çy­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Dür­li gör­nüş­li bas­gan­çak­ly ul­gam­la­ryň iş­le­ni­lip dü­zül­me­gi ýa­şaý­jy­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­sa-da, myh­man­ha­na­dyr dynç alyş mer­kez­le­ri­ne bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar­da nä­gi­le­lik­ler dö­red­ýär. Şeý­le­lik­de, ýo­ka­ry mü­nüp-düş­me­giň has aň­sat ýo­ly göz­le­nip baş­lan­ýar. Şä­her ila­ty­nyň art­ma­gy bi­len kö­pe­lip baş­lan köp gat­ly bi­na­lar­da mü­nüp-düş­mek­de köp he­re­ket et­mek, ar­tyk­maç wag­ty­ňy sarp et­mek ýa­ly me­se­le­ler ýü­ze çyk­ýar. As­lyn­da, köp gat­ly binalara ha­ryt da­şa­mak, ýü­ki ýo­ka­ry çykarmak we aşak dü­şür­mek üçin oý­la­nyp ta­py­lan açyk çar­çu­wa­ly me­ha­ni­ki ýük gö­te­ri­ji ul­gam 1800-nji ýyl­lar­dan soň öý­ja­gaz şe­ki­lin­de iş­le­nip dü­zül­ýär. Şeý­le­lik­de, zyn­jy­ra ber­ki­di­len «ki­çi­jik öý­ja­ga­zy» ýo­ka­ry gö­ter­ýän we aşak dü­şür­ýän «lift» at­ly me­ha­nizm oý­la­nyp ta­pyl­ýar. «Lift» sözi iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «gö­ter­mek, ýo­ka­ry gal­dyr­mak» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär.
1857-nji ýyl­da Nýu-Ýork­da­ky «Haugh­wo­ut» söw­da mer­ke­zin­de il­kin­ji lift ul­ga­my dö­re­dil­ýär. Bäş gat­ly bi­na­nyň ýer­ze­mi­nin­de bug he­re­ket­len­di­ri­ji­si or­naş­dy­ry­lan lift bir mi­nut­da ba­ry-ýo­gy 40 fut (12,2 metr) ara­ly­gy geç­ýän eken. De­ňeş­dir­mek üçin, hä­zir­ki wagt­da iň çalt lift­ler bir se­kunt­da 40 fut ge­çip bil­ýär. Il­kin­ji liftiň tizligi ga­ty ha­ýal bo­lup, söw­da mer­ke­zi­niň müş­de­ri­le­ri ýo­ka­r­ky gat­la­ra lift bi­len däl-de, bas­gan­çak­lar­dan çy­ka­ny­ny kem gör­män­dir­ler.
Ame­ri­kan in­že­ne­ri Eli­şa Otis 1853-nji ýyl­da «Otis Lift» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­ýar. 1859-njy ýyl­da Otis oý­lap ta­pan «dik de­mir ýo­lu­na» pa­tent al­ýar we şol ýyl Nýu-Ýor­kuň myh­man­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de için­de otur­gy­jy bo­lan lif­ti işe gi­riz­ýär. Oý­lap ta­py­jy 1861-nji ýyl­da lift­dä­ki tog­ta­dy­jy ul­ga­ma pa­tent al­ýar. Şeý­le­lik­de, lif­ti bi­na­nyň is­len­dik ga­tyn­da sak­lap bo­lup­dyr. Eý­ýäm 1873-nji ýy­la çen­li ABŞ-da edara jaýlarynda, myh­man­ha­na­dyr dü­kan­la­r­da «Otis Lift» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2 müň­den gow­rak lif­ti otur­dyl­ýar.
Il­kin­ji lift­le­riň gym­mat bo­la­ny üçin Nýu-Ýor­kuň, Lon­do­nyň, Pa­ri­žiň bel­li myh­man­ha­na­la­ryn­da we söw­da mer­kez­le­rin­de otur­dy­lyp, ar­tyk­maç­lyk hök­mün­de gör­lüp­dir. Şol dö­wür­ler­de myh­man­lar lif­te mü­nensoň ope­ra­tor ga­py­ny ýa­pyp, ul­ga­my he­re­ke­te ge­ti­rip, ola­ra hyz­mat ed­ýän eken. Bu myh­man­la­ryň howp­suz­ly­gy üçin göz öňün­de tu­tu­lan çä­re bo­lup, otur­gyç­lar­da otu­ryp git­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gyn­a ga­ra­maz­dan, ul­ga­myň he­re­ke­ti ga­ty ha­ýal bo­lup­dyr. 1870-nji ýyl­da Man­het­ten şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de gur­lan 130 metr­lik bi­na­da «Otis Lift» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len il­kin­ji gid­raw­lik lift otur­dyl­ýar. Bug he­re­ket­len­di­ri­ji­sin­den gid­raw­lik ul­ga­ma ge­çil­me­gi lif­tiň he­re­ke­ti­ni has çalt­laş­dyr­ýar. 1885-nji ýyl­da il­kin­ji «gök­di­rän» ha­sap­lan­ýan Çi­ka­go­nyň öý äti­ýaç­lan­dy­ryş bi­na­syn­da 10 gat­da hyz­mat et­mek üçin lif­tiň po­lat çar­çu­wa­ly gör­nü­şi­niň dör­dü­si işe gi­ri­zil­ýär.
1889-njy ýyl­da «Otis Lift» kom­pa­ni­ýa­sy elek-trik to­gy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji lif­ti­ni dö­red­ýär. Bu lift ul­ga­myn­da iň uly ösüş­le­riň bi­ri bo­lup, gid­raw­lik­den elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­li lift­le­re ge­çil­ýär. XX asy­ryň baş­la­ryn­da ýüz gö­rül­ýän aý­na­sy, ho­wa çal­şy­jy ul­ga­my we düw­me­li do­lan­dy­ryş ul­ga­my bo­lan elek-trik çe­kiş­li lift­ler iş­le­nip dü­zül­ýär. Bu lift­ler se­na­gat taý­dan nus­ga­lyk ka­bul edi­lip, hä­zir­ki wagt­da hem önüm­çi­li­gi do­wam et­di­ril­ýär.
Ýokary tizlikli liftler
Gök­di­rän­le­riň gu­rul­ma­gy bi­len ýo­ka­ry tiz­lik­li lift­ler iş­le­nip dü­zül­ýär. Taý­wan­da­ky «Tai­pei 101» gök­di­rä­nin­dä­ki lift­le­ri (1 mi­nut­da 1010 metr), BAE-niň Du­baý şä­he­rin­dä­ki «Burj Ha­li­fa» gök­di­rä­nin­dä­ki lift­le­ri (1 mi­nut­da 600 metr), şeý­le hem ABŞ-nyň Çi­ka­go şä­he­rin­dä­ki «Jon Han­kok» işe­wür­lik mer­ke­zin­dä­ki lift­le­ri (1 mi­nut­da 549 metr), Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­dä­ki «Jin Mao» gök­di­rä­nin­dä­ki lift­le­ri (1 mi­nut­da 546 metr) my­sal ge­tir­mek bo­lar. Hä­zir­ki za­man lift­le­ri es­ka­la­tor­lar­dan we bas­gan­çak­lar­dan has yg­ty­bar­ly bo­lup, wag­ty tyg­şyt­la­ýan we ýo­ka­ry hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän ösen teh­no­lo­gik ul­gam­dyr.