Katar 2022-de 5-nji günüň ilkinji duşuşygynda “G” toparçada Şweýsariýa bilen Kamerunyň ýygyndylary duşuşdy. Soňky ýyllarda çempionatdaky ilkinji duşuşygynda utulmaýan Şweýsariýanyň ýygyndysy bu däbini şu çempionatda-da dowam etdirdi. Duşuşykda Şweýsariýanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şweýsariýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 48-nji minutda Bril Embolo geçirdi. Kamerunda doglan we asly Kamerundan bolan 25 ýaşyndaky hüjümçi gol geçireninden soň, o diýen begenmän, ötünç soraýan ýaly hereket etdi. Netijede, galan minutlarda Kamerunyň ýygyndysy hasaby deňläp bilmedi we duşuşyk Şweýsariýanyň 1-0 ýeňşi bilen tamamlandy.