Dünýäniň azyk önümleriniň bahasynyň üýtgemeginiň görkezijisi noýabr aýynda durnuklylygyna galdy. Şunuň bilen birlikde galla, et we süýt önümleriniň dünýä bahalary arzanlady. Guramanyň azyk bahasy boýunça indeksine görä, häzir azyk önümleriniň bahasy 2021-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 0,3% ýokary bolup, 135,7 baldan ybarat. Bu bolsa, oktýabr aýy bilen deňeşdirilende, birneme pes.

FAO-nyň maglumatlaryna görä, galla önümleriniň bahasynyň indeksi öňki aý bilen deňeşdirilende 1,3% peseldi, ýöne bir ýyl ozalkydan 6,3% ýokarlandy. Bugdaý we mekgejöweniň dünýä bahalary noýabr aýynda degişlilikde, 2,8% we 1,7% arzanlady. Bellenilişi ýaly, et we süýt önümleriniň bahasynyň peselmegi ösümlik ýagynyň we şekeriň bahasynyň ýokarlanmagynyň öwezini dolýar. Noýabr aýynda ýagyň we şekeriň bahalary, degişlilikde, 2,3% we 5,2% ýokarlandy.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy 2022-nji ýylda dünýäniň galla önümçiligi baradaky çaklamasyny hem peseltdi. Ol häzirki wagtda 2,756 million tonnadan ybarat bolup, 2021-nji ýyldakydan 2,0% az. Bu pese gaçyş, esasan, käbir ýurtlarda mekgejöwen önümçiliginiň peselmegi bilen baglanyşykly bolup,  guramanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, dünýäde emele gelen ýagdaýlar ekiş we hasyl ýygnamak çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Mundan başga-da, FAO dünýäniň bugdaý öndürmek baradaky çaklamasyny peseltdi, ýöne muňa garamazdan, täze görkeziji bolan 781,2 million tonna rekord derejede ýokarylygyna galar. Az girdejili, azyk ýetmezçiligi bolan ýurtlar üçin däne önümçiligi 2022-nji ýylda 184,5 million tonna bolar diýlip çaklanylýar. Bu bolsa, soňky bäş ýyldaky ortaça görkezijä laýyk gelýär. FAO-nyň wekilleriniň belleýşi ýaly, galla importyna bolan umumy isleg 63,7 million tonna barabar bolup, soňky bäş ýylda ortaça 7% ýokarydyr.