Dünýä jemgyýeti tebigat bilen parahatçylykly şertnama baglaşmaly. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilýän BMG-niň Biodürlülik boýunça maslahatynda eden çykyşynda belledi. Tebigat bilen bagly dörän ýagdaýlar adamzat üçin iş orunlarynyň ýitmegine, açlyga, kesellere we ölüme sebäp bolýar.
Guterriş bu maslahatda 2020-nji ýyldan soňky döwürde global biodürlülik boýunça çarçuwaly maksatnamanyň kabul edilmelidigini aýtdy.
-Bize tebigy baýlyklarymyzy gorap saklaýan we planetamyzy dikeldiş ýoluna atarjak ägirt uly milli meýilnamalary işläp düzmegimiz gerek. Biz tebigaty goramagy öz iş meýilnamalarymyzda birinji orunda goýmaly we üpjünçilik zynjyrlarynda, esasan, önümçilik tejribesine maýa goýmaly. Biz howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ädim ätmeli. Biodürlülik durmuşymyzyň, eklenjimiziň we medeniýetimiziň sürtünidir.Ýöne durmuşyň dürlüligini görlüp-eşidilmedik derejede ýitirýäris. Bu ýitginiň öňüni almak üçin dünýämizi üýtgetmeli – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş aýtdy.
BMG-niň Biodürlülik boýunça konferensiýasy 196 döwlet tarapyndan tassyklanan Konwensiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerine bagyşlanýar.
Ýewropanyň daşky gurşaw boýunça komissary Wirginiýus Sinkýawiçýus Ýewropanyň global şertnama zerurdygyny aýtdy.
-Biziň şeýle şertnama hakykatdan hem zerurlygymyz bar. Biz 2030-njy ýyla çenli amala aşyrmaly maksatnamalar barada gepleşik geçirýäris. Bu temperaturanyň ýokarlanmagyny 1,5 dereje saklamaga we gury ýeriň we deňziň azyndan 30%-ini goramaga deňdir. Emma bu hem ýeterlik däl. Has dogrusy, biz 2030-nji we 2040-njy ýyla çenli tebigaty dikeltmek işleriniň, azyndan, 20%-iniň ýaýbaňlandyrylmagyny üpjün etmeli – diýip, daşky gurşaw boýunça Ýewropa komissary Wirginijus Sinkýawiçýus aýtdy.
7-nji dekabrda öz işine başlan maslahat, 19-njy dekabra cenli dowam eder.