Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri ke­ma­la gel­ýär. Dür­li mak­sat­ly tä­ze bi­na­lar­dyr des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­ýär. Iri möç­ber­li se­bit we mil­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Mu­nuň özi yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Hor­mat­ly Prezidentimiz 16-njy de­kabr­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin Hö­kü­met mej­li­sin­de oňa gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, şu ýy­lyň 11 aýy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ka­na­gat­la­nar­ly ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny, yh­las­ly we ne­ti­je­li iş­le­me­gi do­wam edip, mun­dan beý­läk-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dep­gin­li ös­dür­me­li­di­gi­mi­zi bel­le­di. Mu­nuň özi öň­de dur­ýan esa­sy we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek, ýag­ny 2022-nji ýy­ly üs­tün­lik­li jem­le­mek ba­bat­da-da örän mö­hüm­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly da­şa­ry sy­ýa­sat ba­bat­da hem ne­ti­je­li we baý ma­ny-maz­mun­ly bol­dy. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýan­war-no­ýabr aý­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,2 gö­te­rim de­re­je­sin­de dur­nuk­ly sak­la­nyl­ma­gy, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, önüm­le­ri ön­dür­me­giň möç­be­ri­niň 11, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň 35,7 gö­te­rim, ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na öz­leş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­niň bol­sa 14,1 gö­te­rim art­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Şeý­le-de şu ýy­lyň on bir aýyn­da eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­ri art­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň eks­port edi­len möç­be­ri, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 50 gö­te­ri­me go­laý art­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ler gel­jek­ki ösüş­le­ri­mi­ze bin­ýat bo­lup hyz­mat eder hem-de hal­ky­my­zy tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dy­rar.
Öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýy­ly go­wy ne­ti­je­ler bi­len ta­mam­la­mak, dep­gi­ni gow­şat­maz­dan, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ba­bat­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­dyr gör­kez­me­le­rin­den ugur alyp, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň öz iş or­nu­myz­da çek­jek ne­ti­je­li zäh­me­ti­mi­ze bag­ly­dyr.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň ka­bul edil­me­gi yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­mi­ze tä­ze ba­dal­ga be­rer. Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Türk­me­nis­ta­nyň 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nan­da, esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy­nyň maz­mu­ny bo­ýun­ça de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da de­ňeş­dir­me-sel­jer­me iş­le­ri tä­ze­den ge­çi­ri­lip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň tek­lip­le­ri hem-de bel­lik­le­ri göz öňün­de tu­tul­dy we de­giş­li ter­tip­de tas­syk­lan­dy. Ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­rin­den 66,5 gö­te­ri­mi önüm­çi­lik hem-de 33,5 gö­te­ri­mi dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ryn­da öz­leş­di­ri­ler. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de hö­wes­len­dir­mek, je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­dä­ki döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy­ny 2023-nji ýyl­da 71,3 gö­te­ri­me ýe­tir­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Dün­ýä­de do­wam ed­ýän çyl­şy­rym­ly yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň de­ňeş­dir­me nyrh­lar­da 6,5 gö­te­ri­me çen­li de­re­je­de eme­le gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi hä­zir­ki döw­rüň ösüş­li ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da dur­nuk­ly ös­dür­mek­de hormatly Prezidentimiz mö­hüm we­zi­pe­le­ri öňe sür­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy de­re­je­le­re ýe­tir­mek­den, elektron se­na­ga­ty çalt dep­gin­ler­de ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Döwlet Baştutanymyz hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­rin­de he­re­ket ed­ýän san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ge­çil­me­gi bi­len bag­ly ne­ti­je­li iş­le­re ba­dal­ga ber­ýär. Se­bä­bi in­no­wa­si­on, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­le­şi­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­myz­da ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na ýol aç­ýar.

Ker­kaw­gel­di BA­GA­BE­KOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.