Hä­zir­ki za­man ulag ul­ga­my­nyň döw­let­le­riň, jem­gy­ýet­iň, tu­tuş adam­za­dyň dur­mu­şyn­da mö­hüm orny eýe­le­ýän­di­gi je­del­siz ha­ky­kat­dyr. Eziz Di­ýa­ry­myz di­ňe te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň ägirt uly gor­y bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ün­sü­ni özü­ne çek­män, eý­sem, Ýew­ra­zi­ýa­nyň stra­te­gik üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni üp­jün et­mek üçin döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni amat­ly peý­da­lan­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Türk­me­nis­tan yk­ly­myň esa­sy ýol­la­ry­nyň – Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­dan bir­nä­çe se­bite çy­kal­ga­lar bar. Döw­le­ti­miz te­bi­gy taý­dan dö­re­di­len bu şert­ler­den oňaý­ly peý­da­la­nyp, öz ge­og­ra­fik ýag­da­ýy­ny ag­zy­bir hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti, şeý­le hem tu­tuş dün­ýä üçin diý­seň mö­hüm bo­lan ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ne de­giş­li ta­ry­hy tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da da­şar­ky ba­zar­la­ra ug­ra­dyl­ýan ýük­le­riň möç­be­ri­niň hem-de gör­nüş­le­ri­niň art­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len nyg­ta­mak ge­rek. Bu, el­bet­de, Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha se­na­gat­laş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ag­la­ba­sy­nyň özü­miz­de ön­dü­ril­ýän­di­gi, ola­ryň on­lar­ça gör­nü­şi­niň goň­şy hem-de dün­ýä döw­let­le­ri­niň aly­jy­la­ry­na ug­ra­dyl­ýan­dy­gy bol­sa türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hem-de işe­wür­le­ri­niň bu ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň ulu­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Ast­ra­han se­bi­tin­dä­ki ke­nar­ýa­ka er­kin yk­dy­sa­dy zo­la­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň lo­gis­ti­ka mer­ke­ziniň dö­re­dil­me­gi ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da ulag ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na yzy­gi­der­li üns be­ril­ýär. Ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň hem gi­re­wi­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ulag­ ul­ga­my­nyň ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­riň top­lu­my kes­git­le­nen. Ola­ryň ha­ta­ryn­da: ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň we ýük­le­rini da­şa­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak we hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, ulag hyz­mat­la­ry­nyň eks­por­ty­ny art­dyr­mak, esa­san, ýur­duň ýük­le­ri üs­ta­şyr ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek, ulag­ ul­ga­myn­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ni­ýet­le­nen iri hal­ka­ra hem-de se­bit­le­ýin tas­la­ma­lar ba­ba­tyn­da, il­ki bi­len, çy­kyş et­mek hem-de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­tan dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup, ulag ba­bat­da bir­nä­çe hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ra we yla­la­şyk­la­ra gat­na­şyp, mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na gy­şar­nyk­syz eýer­ýär.
Ýur­du­myz BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, şol san­da Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy, BMG-niň Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we dur­muş ko­mis­si­ýa­sy (ES­KA­TO) bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry sak­la­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär.
Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny we Gü­nor­ta Azi­ýa se­bit­le­ri­niň yk­dy­sa­dy ul­gam­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň trans­kon­ti­nen­tal yk­dy­sa­dy köp­rü­si­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şo­nuň üçin bu ba­bat­da «Gün­do­gar – Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk – Gü­nor­ta» ge­çel­ge­le­rin­de ýol­la­ry bir­leş­dir­ýän esa­sy ugur­lar bo­ýun­ça mil­li dü­zü­mi has-da gi­ňelt­mek mö­hüm we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­len­di. Hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň glo­bal­laş­ma­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­na öw­rül­di. Türk­me­nis­tan bu ösüş­ler­den çet­de gal­man, öz çä­gin­de yk­ly­myň mö­hüm ulag mer­kez­le­ri­ni dö­red­ýär. Ol ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi­ne, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga da­ýan­ýar, bu bol­sa oňa dün­ýä­niň se­na­gat dü­zü­min­de my­na­syp or­ny eýe­le­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Oraz­my­rat RE­JE­POW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.