2022-nji ýylyň dekabrynda dünýäde azyk önümleriniň bahasy ondan öňki aý bilen deňeşdireniňde 1,9% arzanlap, 132,4 bala deň boldy. Esasy azyk önümleriniň halkara bahalarynyň aýlyk üýtgemelerine gözegçilik edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy (FAO) bahalaryň yzly-yzyna dokuz aý bäri arzanlamagyny dowam etdirýändigini we bahalaryň indeksiniň bir ýyl ozalky bahasyndan 1% aşakda bolandygyny habar berdi.
Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýyldaky görkeziji ortaça 143,7 bala deň bolup, 2021-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 14,3% ýokarlandy. Dekabr aýynda bahasy arzanlan azyk önümleriniň arasynda galla (-1,9%) we et (-1,2%) bar. Munuň sebäbi günorta ýarym şarda bol hasylyň alynmagy bugdaýyň eksport üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berendigi bilen şertlenip, Braziliýanyň bäsdeşliginiň bolsa, mekgejöweniň dünýä bahalarynyň arzanlamagyna sebäp bolandygy bilen düşündirilýär. Etiň bahasynyň görkezijisi, esasan, sygyr we guş etiniň dünýä bahalarynyň pesligi bilen kesgitlenildi.
Şol bir wagtyň özünde, dekabr aýynda, bäş aý peselenden soň, süýdüň bahasynyň görkezijisi (1,2%), şekeriň görkezijisi noýabr aýy bilen deňeşdirilende, 2,4% ýokarlandy. Bu ýagdaý, esasan, amatsyz howa şertleriniň Hindistanda ekin hasylyna ýetiren täsiri we Taýlandda we Awstraliýada gant şugundyryny gaýtadan işlemegiň gijikdirilmegi bilen düşündirilýär.
Umuman alanyňda, FAO hünärmenleri azyk önümleriniň bahasynyň aşaklamagynyň oňyn özgerişligine garamazdan, köp babatda ýokary derejede bolmagynda galýandygyny belleýärler. Şeýlelikde, bugdaý we mekgejöweniň dünýä bahalary geçen bir ýylda rekord derejä ýetdi. FAO-nyň wekilleriniň bellemegine görä, ösümlik ýagynyň bahasynyň 2022-nji ýyldaky ortaça bahasy hem täze rekord derejä ýetdi. FAO-nyň beýanatynda süýt önümleriniň we etiň ortaça ýyllyk bahasy 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.