Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenip, möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ykdysadyýetini, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary kabul etmegi möhüm halkara meseleleriň çözülmegine ýurdumyzyň goşýan goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bagtyýar zamanamyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeler hem-de amala aşyrylýan ajaýyp işler ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynda işlenip taýýarlanylan we jemgyýetimizde giňden ara alnyp maslahatlaşylyp, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edilip, çap edilen pursadyndan herekete girizildi. Täze rejelenen görnüşinde kabul edilen bu Kanun X bapdan ybarat bolmak bilen, 57 maddany öz içine alýar.
Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) «Türkmenistanda ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy» atly 44-nji maddasynyň 1-3-nji böleklerine laýyklykda, ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, ady agzalan Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň ýaşlar birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi – jemgyýetçilik guramasydyr. Ýaşlar birleşikleri birleşmeleri we assosiasiýalary döredip bilerler. Ýaşlary ýaşlar birleşiklerine girmäge mejbur etmäge, şonuň ýaly-da olaryň işine gatnaşmagy gadagan etmäge ýol berilmeýär. Bu ýörelgeleriň bozulmagyna getirýän hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň bähbitleriniň we islegleriniň ýekemenlik aňladylmagyna dalaş etmäge hiç bir ýaşlar birleşiginiň haky ýokdur.
Salgylanýan Kanunyň «Döwlet bilen ýaşlar birleşikleriniň özara gatnaşyklary» atly 46-njy maddasynyň 1-3-nji böleklerinde bellenilişi ýaly, döwlet ýaşlar birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işine goldaw berýär, tertipnamalaýyn işiniň netijeli amala aşyrylmagy üçin olara ýeňillikleriň berilmegini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýär.
Döwlet häkimiýet edaralary, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar, guramalar ýaşlar birleşiklerine şu Kanunda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de olaryň tertipnamalaýyn wezipelerini amala aşyrmak, şeýle hem durmuşa geçirmek üçin gerek bolan jaýlary we desgalary, aragatnaşyk we ulag serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz esasda berip bilerler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklarymyzy bildirýäris.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.