12-nji fewralda Kipriň daşary işler ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Nikos Hristodulidis ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda esasy bäsdeşi Kipriň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Andreas Mawroýannisden üstün çykyp ýeňiş gazandy. Saýlaw býulletenleri doly sanalandan soň Hristodulidisiň 51,9%, Mawroýannisiň hem 48,1% sese eýe bolandygy belli boldy. Ikinji tapgyra gatnaşanlaryň sany 72,2%-e deň boldy, bu bolsa bir hepde öň geçirilen birinji tapgyra garanyňda, 2% ýokarydyr. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda hem öňki daşary işler ministri häzirki bäsdeşinden öňe saýlanypdy.
Mawroýannis ýeňilendigini boýun alyp: – Bize ses berenleriň hemmesiniň isleglerini kanagatlandyryp bilmeýändigimize gynandym – diýdi. Şeýle hem, ol Hristodulidise eýýäm jaň edendigini we ýeňşi bilen gutlandygyny aýtdy. Diplomat, adanyň täze ýolbaşçylaryna öz hyzmatlary zerur bolsa, ýurduň we jemgyýetiň bähbidi üçin saýlanan prezident bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
49 ýaşly Hristodulidis ýakyn bäş ýylda iň ýokary hökümet wezipesini ýerine ýetirer we Kipriň sekizinji prezidenti bolar. Saýlanan prezident 1973-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Pafosyň eteginde – Geroskipuda dünýä indi. Ol bäş ýokary okuw mekdebini tamamlady: Nýu-Ýorkuň Kuins kolleji, Nýu-Ýork uniwersiteti, Malta we Afiny uniwersitetleri we Ortaýer deňzi diplomatiýa barlaglary akademiýasy. Ol bu okuw mekdeplerinde syýasy ylymlary, ykdysadyýeti, döwlet dolandyryş meselelerini öwrendi we diplomatiýa ugrunda barlaglary alyp bardy. 1999-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli Kipriň Beýik Britaniýadaky Ýokary Komissarlygynyň (Ilçihanasynyň) Baş konsuly bolup işlemek ýaly diplomatik gullugynda işledi. 2014-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Kipr hökümetiniň ministr derejesinde resmi wekili, soň bolsa geçen ýyla çenli Kipr Respublikasynyň daşary işler ministri boldy.
2022-nji ýylyň başynda Hristodulidis daşary işler ministrliginiň başlygy wezipesinden çekildi. Ol dolandyryjy partiýanyň lideri “Demokratik bileleşik” partiýasynyň baştutanynyň saýlawlaryna we bu syýasy güýçden döwlet baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
Netijede, Nikos Hristodulidis garaşsyz dalaşgär hökmünde prezidentlige dalaş edip, Demokratik partiýa, Sosial demokratiýa hereketi, “Demokratik front” partiýasy we “Raýdaşlyk hereketi” tarapyndan wekilçilik edilýän merkezi we proellin güýçleri tarapyndan goldaw aldy.