BMG-niň 200-e golaý agzasy 5-nji martda dünýä ummanlaryny goramak baradaky şertnamany tassyklady. Ylalaşyga görä, 2030-njy ýyla çenli umman suwlarynyň, takmynan, 30 göterimi goralýan akwatoriýa öwrüler. Bu deňiz ösümliklerini we haýwanat dünýäsini goramaga mümkinçilik berer.
Açyk deňizler – döwlet çäkleriniň daşyndaky halkara umman suwlary ylalaşygyň esasy mowzugyu boldy. Bu resminama ýigrimi ýyla golaý wagt bäri taýýarlanyp gelýärdi. Ýurtlar esasan hem balyk tutmak kwotalary bilen baglanyşykly düşünişmezlikler sebäpli uzak wagtlap umumy pikire gelip bilmediler. Indi şertnamanyň mazmunyna gaýtadan seredilmez, gatnaşyjy ýurtlar ony diňe resmi taýdan tassyklamaly.
Bu şertnamada goralýan deňiz zolaklarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ummanlaryň diňe 1,2 göterimi goralýar. Ylalaşyga görä, bitarap suwlaryň üçden biri goralmalydyr. Goralýan zolaklarda balyk tutmak, gämi gatnawy we çuňňur buraw işlerini geçirmek diňe ekologik taýdan giňişleýin barlag geçirilenden soň mümkin bolar.
Ummanlar özboluşly ekoulgam bolup, milliardlarça adamyň iýmit çeşmesidir. Ol Ýer togalagynyň artykmaç ýylylygynyň 90%-ini özüne siňdirip, howany kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar. Häzirki wagtda deňiz jandarlarynyň köpüsine, aşa köp awlanmagy we global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpy abanýar.