Azyk önümleriniň bahalary geçen ýylyň mart aýynda birden ýokarlanyp ugran hem bolsa, soňra ýuwaş-ýuwaşdan peselip ugrady. Häzir azyk önümleriniň bahasy şol döwür bilen deňeşdireniňde, 18,7 göterim arzan. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.
Fewral aýynda gallanyň bahasynyň görkezijisi ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, üýtgemedi diýen ýaly. Bugdaýyň dünýä bahasy birneme ýokarlandy, eksportçylaryň arasyndaky güýçli bäsdeşlik ABŞ-nyň gurak şertleri baradaky aladalary aradan aýyrdy. Aziýanyň esasy eksportçylarynyň köpüsiniň walýutalarynyň dollara bolan gatnaşykda hümmetiniň peselip, söwda işjeňliginiň haýallamagy sebäpli tüwiniň halkara bahasy bir göterim arzanlady. Süýdüň bahasy 2,7 göterim pese gaçdy, şeýle-de ýagyň we gury süýdüň halkara nyrhlarynda has pese gaçma göze ildi.
Bütewilikde alanyňda, etiň bahasy üýtgemedi diýen ýaly. Ýokary eksport üpjünçiligi netijesinde, guş etiniň bahasy peselmegini dowam etdirdi. Şekeriň bahasy ýanwar aýyndan bäri 6,9 göterim ýokarlanyp, soňky alty ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Muňa Hindistanda 2022-2023-nji ýyllardaky önümçilik çaklamasynyň peselmegi, dünýädäki çig nebitiň bahasy, şeýle hem Braziliýada etanolyň bahasy sebäp boldy.
Şeýle hem FAO 2023-nji ýylda dünýäniň bugdaý önümçiligi boýunça deslapky çaklamalaryny ýaýratdy. Global önümçilik 784 million tonna bolup, gözegçilikleriň dowamynda görkezijiniň mukdary boýunça ikinji orunda durýar. Daýhanlar gallanyň ýokary bahasyna jogap hökmünde ekiş meýdanlaryny giňeldýärler. Netijede, Demirgazyk Amerikada ýokary hasyl bolmagyna garaşylýar. Çaklamalara görä, Günorta ýarym şarynyň ýurtlary 2023-nji ýylda iýmlik däne öndürmekde öňegidişlik gazanar. Braziliýada mekgejöweniň hasylynyň rekord derejä ýetjekdigi çak edilýär.